Tapylan netije sany: 8960
TÜRKMENISTANYŇ UKRAINADAKY ILÇIHANASY TÜRKMEN HALYSYNYŇ GÜNI MYNASYBETLI HALY DOKAMAK WE KEŞDEÇILIK SUNGATYNYŇ TANYŞDYRYŞ DABARASYNY GEÇIRDI
2026-njy ýylyň 26-njy maýynda Türkmenistanyň Ukrainadaky Ilçihanasy “Haly dokamak we keşdeçilik sungaty – türkmen zenanlarynyň zähmetsöýerliginiň we ussatlygynyň nyşany” ady bilen baýramçylyk medeni çäresini geçirdi. Bu çäre Türkmenistanyň iň möhüm hünär baýramçylyklarynyň biri bolan, ruhy mirasynyň baýlygyny, nesilleriň dowamlylygyny we türkmen halyçy zenanlarynyň el hünäriniň özboluşlylygyny özünde jemleýän türkmen halysynyň gününe bagyşlandy.
“Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew ba...
TÜRKMENISTANDA GURBAN BAÝRAMY GIŇDEN BELLENILÝÄR
Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherinde hem-de ýurduň ähli welaýatlarynda Gurban baýramy giňden bellenilýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow türkmen halkyny ynsanperwerligiň, dostlugyň we parahatçylyk söýüjiligiň ýörelgelerini berkitmäge hyzmat edýän, türkmen halkynyň ruhy we ahlak gymmatlyklaryny, şeýle hem jemgyýetde agzybirligi, özara hormat goýmagy we ruhy bitewüligi özünde jemleýän Gurban baýramy bilen tüýs ýürekden gutlady.
“Mübärek Gurban baýramy günlerinde berjek gu...
RAŞID MEREDOW NÝU-ÝORKDA ANTONIU GUTERRIŞ BILEN HYZMATDAŞLYGYŇ ESASY UGURLARYNY MASLAHATLAŞDY
Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow sişenbe güni Nýu-Ýork şäherinde BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş bilen duşuşdy. Duşuşykda Türkmenistan bilen BMG-niň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary hem-de halkara gün tertibiniň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Raşid Meredow BMG-niň Baş sekretaryna Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň salamyny ýetirdi.
Taraplar 20-nji maýda k...
RAŞID MEREDOW BMG-NIŇ HOWPSUZLYK GEŇEŞINIŇ AÇYK PIKIR ALYŞMALARYNA GATNAŞDY
Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow sişenbe güni BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşinde geçirilen ýokary derejeli açyk pikir alyşmalaryna gatnaşdy.
“BMG-niň Tertipnamasynyň maksatlaryny we ýörelgelerini berjaý etmek hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň merkezi ornuna esaslanýan halkara ulgamy berkitmek” atly duşuşyk Hytaýyň başlyklyk etmeginde geçirildi.
Raşid Meredow çykyşynda Türkmenistanyň parahatçylygy, ynanyşmagy we öňüni alyş diplomatiýasyny ilerletmäge gönükdirilen daşary syýa...
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINIŇ ABŞ-NYŇ DÖWLET SEKRETARYNYŇ ORUNBASARY BILEN DUŞUŞYGY BARADA
2026-njy ýylyň 27-nji maýynda Waşington şäherinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Döwlet sekretarynyň orunbasary Kristofer Landaunyň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar türkmen-amerikan hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýyny we ony syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, bilim, medeni-ynsanperwer we özara gyzyklanma bildirilýän beýleki ugurlarda mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Tara...
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINIŇ BMG-NIŇ BAŞ ASSAMBLEÝASYNYŇ 80-NJI SESSIÝASYNYŇ BAŞLYGY BILEN DUŞUŞYGY GEÇIRILDI
2026-njy ýylyň 28-nji maýynda Nýu-Ýorkda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň Başlygy Annalena Berbok bilen duşuşygy geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň çäklerinde Türkmenistanyň ileri tutulýan ugurlarynyň durmuşa geçirilişi barada maglumat berdi. Bu ugurlar halkara syýasaty we howpsuzlyk, durnukly ösüş, howa gün tertibi hem-de ynsanperwer hyzmatdaşly...
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI NÝU-ÝORKDA ÄHLUMUMY DOLANDYRYŞ BOÝUNÇA DOSTLAR TOPARYNYŇ MEJLISINE GATNAŞDY
2026-njy ýylyň 28-nji maýynda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Nýu-Ýork şäherinde geçirilen “Ählumumy dolandyryşy özgertmek we kämilleşdirmek, ählumumy wehimleri ýeňip geçmek üçin bilelikdäki tagallalar” atly Ählumumy dolandyryş boýunça Dostlar toparynyň duşuşygyna gatnaşdy.
Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy çykyşynyň dowamynda Hytaý Halk Respublikasynyň Daşary işler ministri Wan Ini duşuşyga gatnaşmaga çagyrandygy üçin hoşallyk bildirdi he...
TÜRKMENISTANYŇ BMG-NIŇ ÖSÜŞ MAKSATNAMASY BILEN HYZMATDAŞLYGYNYŇ GELJEGI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
2026-njy ýylyň 28-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň orunbasary, BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň administratory Aleksandr de Kronyň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we ony mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegini, şol sanda 2026–2030-njy ýyllar üçin Türkmenistan boýunça täze ýurt m...
BMG-NIŇ TERRORÇYLYGA GARŞY GÖREŞMEK BOÝUNÇA MÜDIRLIGINIŇ ÝOLBAŞÇYSY BILEN GEPLEŞIKLER
2026-njy ýylyň 28-nji maýynda ABŞ-a amala aşyrylan saparyň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen BMG-niň Baş sekretarynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji orunbasary, BMG-niň Terrorçylyga garşy göreşmek boýunça müdirliginiň ýolbaşçysy Aleksandr Zuýewiň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy hem-de onuň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen köp ýyllaryň dowamynda ýola goýlan hyzmatdaşlygynyň ýokary dereje...
WAŞINGTONDA TÜRKMENISTANYŇ WE ABŞ-NYŇ DAŞARY SYÝASAT EDARALARYNYŇ ÝOLBAŞÇYLARYNYŇ DUŞUŞYGY GEÇIRILDI
2026-njy ýylyň 29-njy maýynda Waşington şäherindäki Ak tamda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Döwlet sekretary Marko Rubio duşuşyk geçirdi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar türkmen-amerikan hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýyny we onuň dürli ugurlar boýunça ösdürilmeginiň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.
Söhbetdeşler soňky döwürde ikitaraplaýyn syýasy-diplomatik dialogyň işjeňleşendigini kanagatlanma bilen belläp, ýokary we iň ýokary der...