UKRAINANYŇ ÇAGALAR MILLI KITAPHANASYNDA “TÜRKMEN HALKYNYŇ MEDENI GYMMATLYKLARY” ADY BILEN GEÇIRILÝÄN SERGISI

Ukrainanyň Çagalar Milli kitaphanasyna okyjylary we hemmeler üçin dykgat!

2024-nji ýylyň 23-nji maýyndan 30-njy maýy aralygynda beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy we “Pähim paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly mynasybetli Ukrainanyň Çagalar Milli kitaphanasynda Türkmenistanyň Ukrainadaky Ilçihanasy bilen bilelikde guralan “Türkmen halkynyň medeni gymmatlyklary” atly suratlaryň, kitaplaryň we milli egin-eşikleriň sergisi geçirilýär.

Kitaphananyň okyjylary we myhmanlary geçirilýän surat sergisiniň çäklerinde Türkmenistanyň taryhy, binagärçiligi we medeniýeti, türkmen halkynyň däp-dessurlary bilen içgin tanşyp bilerler. Bu ýerde Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşýän taryhy we arheologiki ýadygärlikleri: ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen Gadymy Merw, Köneürgenç şäherlerini we Gadymy Nusaý galasyny görüp bilersiňiz. Şeýle hem suratlarda – häzirki zaman türkmen şäherleri bolan Aşgabat we täze akylly Arkadag şäherlerini, milli zenan şaý-seplerini we egin-eşiklerini, milli saz gurallaryny, türkmenleriň milli baýlygy bolan ahalteke atlaryny we alabaýlaryny synlamak mümkinçiligine eýe bolarsyňyz. Şeýle hem adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilen haly dokamak, keşde çekmek, ahalteke atçylyk sungaty we at bezemek däpleri boýunça suratlar hem hödürlenilýär.

Surat sergisiniň ýanynda maneke geýdirilen türkmen aýal-gyzlaryň, erkekleriň we çagalaryň milli däplerdäki egin-eşikleriniň dürliligi, ajaýyplygy bolsa aýratyn ünsüňi çekýär.

Kitap – paýhas çeşmesi. Kitap sergisiniň çäklerinde meşhur türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň birnäçe eserleri we ýakynda tanyşdyryş dabarasy geçirilen şahyrynyň goşgularynyň ukrain diline terjimeleriniň doly ýygyndysy bolan “Magtymguly Pyragy. Ylham” atly kitaby, hem-de beýleki köp sanly gyzykly edebiýatlar ýaýbaňlandyryldy.

Sergi Ukrainanyň Çagalar Milli kitaphanasynyň 2-nji gatynda geçirilýär. Salgysy: Kiýew şäheri, Ýanuş Korçak köçesiniň 60-njy jaýy.

Hemmeleri türkmen medeniýetiniň dünýäsini öwrenmäge çagyrýarys!