AŞGABATDA TÄJIGISTAN RESPUBLIKASYNYŇ MEDENIÝET GÜNLERI BAŞLANDY

2022-nji ýylyň 23-nji noýabrynda türkmen paýtagtynda Täjigistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy boldy. 

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Täjigistanyň Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy geçirildi. Bu ýere agşamara iki ýurduň medeniýet ulgamynyň ýolbaşçylary, Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, döredijilik işgärleri, paýtagtymyzyň ýaşlary ýygnandylar.

Iki döwletiň medeniýet ministrleri foruma gatnaşyjylara we myhmanlara gutlag sözleri bilen ýüzlendiler, döwletara medeni gatnaşyklar üçin aýratyn waka hem-de Türkmenistan bilen Täjigistanyň arasynda dostluk, hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ýolunda ýene bir möhüm ädim bolan bu gezekki çäräniň ähmiýetini nygtadylar.

Açylyş dabarasy tamamlanandan soňra, Täjigistanyň sungat ussatlarynyň konserti boldy. Onuň maksatnamasyna halk aýdym-sazlary, dünýä we täjik nusgawy saz sungatynyň hazynasyndan eserler, estrada aýdymlary, joşgunly tans çykyşlary girizildi. 

Tomaşaçylara “Täjigistan şu gün” atly wideofilm görkezildi, onda dostlukly ýurduň ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda, şeýle-de syýahatçylyk ulgamynda gazanan üstünlikleri, paýtagt şäher Duşenbäni mundan beýläk-de ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler, täjik halkynyň ruhy-taryhy mirasyny gorap saklamak we artdyrmak boýunça geçirilýän çäreler beýan edilýär.

Medeniýet günleriniň maksatnamasy köpöwüşginli bolup, täjik medeniýetiniň we sungatynyň gazananlary hem-de ösüş meýilleri barada giň düşünje almaga mümkinçilik berýär.

24-nji noýabrda günüň birinji ýarymynda Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde sergi guralar. Onda Täjigistanyň häzirki zaman suratkeşleriniň, şekillendiriş sungatynyň eserleri, neşir önümleri, fotosuratlar görkeziler. Sergide döwrebap modelýerleriň milli röwüşde taýýarlan lybaslarynyň toplumlary bilen hem tanşyp bolar. 

“Aşgabat” kinoteatrynda iki ýurduň kinematograflarynyň duşuşygy geçiriler hem-de täjik režissýorlarynyň soňky ýyllarda döreden we halkara kinofestiwallara gatnaşan filmleriniň görkezilişi bolar. 

Täjigistanyň Medeniýet günleriniň ýapylyş dabarasy 25-nji noýabrda Mary şäherinde geçiriler. Mary welaýatynyň Kemine adyndaky döwlet drama teatrynyň sahnasynda geçiriljek dostluk konsertinde türkmen we täjik artistleri çykyş ederler.