TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINDE TEGELEK STOL GEÇIRILDI

2023-nji ýylyň 27-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Gynamalara garşy konwensiýa (OPCAT) goşmaça teswirnamanyň hödürlenmegine bagyşlanan tegelek stol geçirildi.

Çäräniň işine ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň, jemgyýetçilik guramalaryň ýolbaşçylary we wekilleri, Türkmenistanyň adam hukuklary hem-de halkara ynsanperwer hukugy babatynda halkara borçnamalarynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek üçin pudagara toparynyň agzalary, Aşgabatda akkreditirlenen halkara guramalarynyň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýew Türkmenistanyň häzirki wagtda Gynamalara garşy konwensiýa goşmaça teswirnama goşulmak meselesini öwrenýändigini we şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň bu resminama goşulmagy bilen baglanyşykly peýdalary we borçlary belläp geçdi. Gynamalara garşy komitetden we ählumumy döwürleýin synyň 4-nji çärýeginiň çäklerinde alnan hödürnamalara üns berildi.

Gynamalara garşy konwensiýanyň adam hukuklaryny goramaga we gynamalaryň hem-de ýowuz daraşmagyň öňüni almaga gönükdirilen esasy halkara resminamasydygy bellenildi. Türkmenistan 1999-njy ýylyň aprel aýyndan bäri bu resminama gatnaşýan döwlet hökmünde, ähli halkara adam hukuklary ülňülerini we borçlaryny ýerine ýetirmäge çalyşýar we şu nukdaýnazardan häzirki çekişmeleriň mowzugy aýratyn möhümdir.

Brifinge gatnaşanlar Türkmenistanyň tussag edilýän ýerlerde adalat ulgamyny we tussaglyk şertlerini gowulandyrmak ugrunda işjeň işleýändigini, gynamalaryň öňüni almak meseleleri boýunça açyk gepleşikler we hyzmatdaşlyk alyp barýandygy barada öz pikirlerini aýtdylar.