img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
UKRAINA - KIÝEW
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

Türkmenistan bilen Moldowa Respublikasy diplomatik gatnaşyklaryň 34 ýyllygyny belleýärler

photo

5-nji oktýabrda Türkmenistan bilen Moldowa Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 34 ýyllygy bellenilýär.

Üç onýyllykdan gowrak wagtyň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklar dostluk, özara hormat goýmak, ynanyşmak we konstruktiw hyzmatdaşlyk ruhunda yzygiderli möhüm ösüş ýoluny geçdi. Häzirki wagtda Türkmenistan bilen Moldowa Respublikasy durnukly syýasy dialogy alyp barýarlar, halkara giňişliginde özara gatnaşyk edýärler hem-de söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlygy giňeldýärler.

Özara gatnaşyklaryň dowamynda toplanan oňyn tejribä daýanyp, Türkmenistan bilen Moldowa Respublikasy ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de işjeňleşdirmegi we hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny giňeltmegi dowam etdirýärler. Taraplar täze bilelikdäki başlangyçlary durmuşa geçirmäge we özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga aýratyn ähmiýet berýärler.

Türkmenistanyň Kiýew şäherinde ýerleşýän Moldowa Respublikasyndaky Ilçihanasy moldawaly kärdeşlerini we iki ýurduň halklaryny diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 34 ýyllygy bilen gutlap, türkmen-moldowa dostlugynyň we netijeli hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyna ynam bildirýär.