img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
UKRAINA - KIÝEW
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

Aziada – 2026 oýunlarynyň jemleri: Türkmenistanyň ýygyndy topary çykyşlaryny iki sany kümüş medal bilen tamamlady

img
img
img
img
img
img

Ýaponianyň Nagoýa şäherinde XX tomusky Aziýa oýunlary tamamlandy. Bu oýunlarda Türkmenistanyň ýygyndy topary iki sany kümüş medal gazanyp, umumy medallar hasabynda 31-nji orny eýeledi.

Ýatladyp geçsek, karateçi Dawut Nazmyradow 75 kg çenli agram derejesinde finalda eýranly Morteza Nematä ýeňilip (3:4), kümüş medala eýe boldy. Agyr atletikaçy Şahzadbek Matýakubow bolsa 110 kg çenli agramda iki görnüşiň jemlemesi boýunça 410 kg (siltäp götermekde 188 kg we itekläp götermekde 222 kg) netije görkezip, diňe oýunlaryň rekordyny goýan (423 kg) Tokio – 2020 Olimpiada çempiony, özbegistanly Akbar Juraýewden yza galyp, kümüş medaly eýeledi.

XX tomusky Aziýa oýunlary 19-njy sentýabr bilen 4-nji oktýabr aralygynda Nagoýada geçirildi. Oýunlara Aziýanyň 45 ýurdundan we çäklerinden gelen türgenler, şeýle hem bosgunlardan bolan türgenleriň topary — jemi 10,8 müň töweregi türgen gatnaşyp, sportuň 43 görnüşi boýunça baýraklary paýlaşdylar. Türkmenistanyň ýygyndy toparyna 57 adam wekillik etdi, olaryň 34-si türgen bolup, sportuň sekiz görnüşi — boks, sport göreşi, karate, kuraş göreşi, ýeňil atletika, ýüzmek, agyr atletika we uşu boýunça çykyş etdiler.