TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI TÜRKIÝE RESPUBLIKASYNYŇ WISE-PREZIDENTINI KABUL ETDI
2023-nji ýylyň 6-njy dekabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň wise-prezidenti, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň türk tarapynyň başlygy Jewdet Ýylmazy kabul etdi. Ol bu toparyň nobatdaky ýedinji mejlisine gatnaşmak üçin, öz ýurdunyň wekiliýetine ýolbaşçylyk edip, Türkmenistana geldi.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow dostlukly ýurduň wise-prezidentini myhmansöýer türkmen topragynda mübärekläp, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň nobatdaky mejlisiniň hem-de Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisiniň üstünlikli geçmegini arzuw etdi we şu gezekki saparyň çäklerindäki gepleşiklerdir duşuşyklaryň iki döwletiň arasyndaky hemmetaraplaýyn gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna ýardam berjekdigine ynam bildirdi.
Söhbetdeşler iki doganlyk döwletiň ýolbaşçylarynyň arasynda ynanyşmagyň we özara düşünişmegiň gazanylan derejesine ýokary baha berip, Hökümet wekiliýetleriniň yzygiderli saparlarynyň, ýurtlarymyzyň daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky geňeşmeleriň we gepleşikleriň köpugurly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge ýardam edýändigini nygtadylar.
Türkmenistanyň Prezidenti ýakynda Türkiýe Respublikasyna amala aşyran resmi saparynyň dowamynda Prezident Rejep Taýyp Ärdogan bilen bolan duşuşygyny, işewürlik maslahatyny we ikitaraplaýyn gepleşikleri ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny belledi. Şol saparyň çäklerinde birnäçe resminamalara gol çekildi. Nygtalyşy ýaly, gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilmegi häzirki günüň möhüm wezipesidir.
Döwlet Baştutanymyz iki ýurduň ykdysady kuwwatyny nazara almak bilen, döwletara hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykarmak boýunça işleri işjeňleşdirmegiň zerurdygyny nygtady.
Şunda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň işiniň we işewürlik maslahatynyň ähmiýetine aýratyn üns çekildi. Olaryň maksady netijeli gatnaşyklary ösdürmäge, özara hyzmatdaşlygyň täze, möhüm ugurlaryny kesgitlemäge gönükdirilendir.
Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Türkiýe Respublikasynyň wise-prezidenti Jewdet Ýylmaz strategik döwletara hyzmatdaşlygyň iki doganlyk ýurduň hem-de olaryň halklarynyň bähbidine mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.