TÜRKMENISTANDA ZIMBABWE RESPUBLIKASYNYŇ ADATDAN DAŞARY WE DOLY YGTYÝARLY ILÇISI AKKREDITIRLENDI

2023-nji ýylyň 7-nji dekabrynda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Zimbabwe Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Braýt Kupembadan ynanç hatyny kabul etdi.

Milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanynyň adyndan dostlukly ýurduň doly ygtyýarly wekilini jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, oňa üstünlikleri arzuw etdi.

Diplomat mähirli kabul edilendigi üçin hoşallyk bildirip, Prezident Serdar Berdimuhamedowa Zimbabwe Respublikasynyň ýolbaşçylarynyň mähirli salamyny we ähli türkmen halkyna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Söhbetdeşligiň barşynda ilçi Türkmenistanyň durmuş ugurly içeri syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary bilen tanyşdyryldy. Şeýle hem ýurdumyzyň oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, dünýäniň ähli döwletleri, şol sanda Afrika yklymynda ýerleşýän ýurtlar bilen netijeli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasatyna aýratyn üns çekildi.

Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegi we mümkinçilikleri barada özara pikir alşyldy. Şeýle-de ilçi Mejlisiň düzümi, alyp barýan işleri, Türkmenistanda durmuşa geçirilýän giň gerimli durmuş-ykdysady, demokratik özgertmeleri kanunçylyk-hukuk taýdan üpjün etmekde milli parlamentiň orny bilen tanyşdyryldy. Şunuň bilen baglylykda, özara bähbitli parlamentara gatnaşyklary ýola goýmagyň iki dostlukly ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy mazmun taýdan baýlaşdyrmaga itergi berjekdigi bellenildi.

Duşuşygyň ahyrynda diplomat parahatçylyk söýüjilik syýasaty we netijeli başlangyçlary halkara jemgyýetçiligiň goldawyna mynasyp bolýan Bitarap Türkmenistanda Zimbabwe Respublikasyna wekilçilik etmegiň özi üçin uly hormatdygyny nygtap, däp bolan dostlukly döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de yzygiderli ösdürmek üçin ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.