TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI GDA-NYŇ HÖKÜMET BAŞTUTANLARYNYŇ GEŇEŞINIŇ MEJLISINE GATNAŞÝAR

2023-nji ýylyň 18-nji dekabrynda Moskwada Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza döwletleriň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi geçirildi.

Mejlise Azerbaýjanyň Premýer-ministri A.Asadow, Belarusiýanyň  Premýer-ministri R.Golowçenko, Gazagystanyň Premýer-ministri A.Smailow, GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň başlygy, Gyrgyzystanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygy A.Žaparow, Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Baştutany M.Mişustin, Täjigistanyň Premýer-ministri K.Rasulzoda, Özbegistanyň Premýer-ministri A.Aripow, Ermenistanyň Premýer-ministriniň orunbasary M.Grigorýan, GDA-nyň Baş sekretary S.Lebedew gatnaşdylar.

Türkmenistanyň wekiliýetine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary H.Geldimyradow ýolbaşçylyk etdi.

Duşuşyga gatnaşyjylar köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň we Arkalaşygyň medeni we ynsanperwer gatnaşyklarynyň häzirki meseleleri barada pikir alyşdylar.

Russiýanyň Prezidenti W.Putin gatnaşyjylara wideo aragatnaşyk arkaly ýüzlendi. Ol 1-nji ýanwardan Russiýanyň Arkalaşykda başlyklyk döwrüniň başlanýandygyny, bu döwürde sungatyň, bilimiň we ylmyň dürli ugurlarynda, şol sanda GDA-nyň ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça döwletara gaznasynyň çeşmelerinden peýdalanmak ýaly bilelikdäki çäreleri geçirmek tejribesini ösdürmegiň meýilleşdirilýändigini aýtdy.

H.Geldimyradow, Türkmenistanyň Ýewraziýa giňişliginde döwletara birleşikleri bilen işjeň aragatnaşyk saklaýandygyny, ykdysady hyzmatdaşlyga we sebitleýin integrasiýa meselelerine aýratyn üns berýändigini aýtdy.

Duşuşykda GDA agza ýurtlaryň Hökümet Baştutanlary tarapyndan medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri barada Beýannama kabul edildi. Onda hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny, dostlugy we ýurtlaryň arasyndaky hoşniýetli goňşuçylygy ösdürmek üçin şeýle özara gatnaşyklaryň giň mümkinçiliklerini ykrar edýär. Ol dostlukly gatnaşyklary berkitmek, medeniýet pudagyndaky döwletleriň arasyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmek we çuňlaşdyrmak islegini beýan edýär we Arkalaşygyň çägindäki medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň esasy maksatlaryny tassyklaýar.