AŞGABATDA “ARKADAG SERDARLY BAGTYÝAR ÝAŞLAR” ÝYLYNA BAGYŞLANAN HALKARA YLMY - AMALY MASLAHAT WE SERGI GEÇIRILDI

2023-nji ýylyň 27-nji dekabrynda Aşgabatda “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýylynyň netijelerine bagyşlanan halkara ylmy - amaly maslahat geçirildi.

Foruma Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasarlary, Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň we pudak edaralaryň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, KHBS, Aşgabat we Arkadag şäheriniň häkimleri, Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, Türkmenistanda akkreditirlenen diplomatik korpusyň ýolbaşçylary we wekilleri, sebitden hem-de alys ýurtlardan çagyrylan daşary ýurtly myhmanlar, şeýle-de ÝHHG-niň, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Halkara Kuraş Assosiasiýasynyň we Halkara Küşt Federasiýanyň wekilleri gatnaşdylar.

Foruma gatnaşyjylar, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gutlag Ýüzlenmesini uly höwes bilen üns berip diňlediler, hormatly Prezidentimiziň çykyşynda ähli taryhy üstünliklerde Watanyň ýagty geljegi we gülläp ösmegini üpjün etmekde ýaşlaryň möhüm orny we ägirt uly goşandy nygtaldy.

Halkara ylmy - amaly maslahatyň işi umumy mejlisden başlandy we aýratyn tematiki sessiýalar bilen dowam etdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow forumyň “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar - Bitarap döwletiň daşary syýasatynda” atly bölüminde çykyş edip, geçen ýylyň Türkmen döwletiniň daşary syýasatynda möhüm wakalara baý bolandygyny belledi.

Üstünlikleriň we ýetilen sepgitleriň, Türkmenistanda ýaşlara hemmetaraplaýyn goldawyň, ägirt uly mümkinçilikleriniň açylmagy üçin şertleriň döredilmeginiň Hökümetiň ileri tutýan wezipeleriniň derejesine çykarylandygy tassyklanyldy.

Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugruny durmuşa geçirmekde türkmen ýaşlaryna möhüm orun berilýär. Bu, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisinde hödürlenen Türkmenistanyň ileri tutýan ugurlarynd öz beýanyny tapdy. Gürrüň türkmen ýaşlarynyň daşary ýurtlardaky deň-duşlarynyň arasynda häzirki zaman dünýä ösüşiniň esasy tapgyrlaryna gatnaşmagy barada giň we düýpli baglanyşyk gurmak barada gidýär.

Şeýle hem forumyň bu bölüminde Türkmenistanyň daşary syýasy edarasynyň ýaş işgärleri we TDIM-iň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyplary dürli dillerde çykyş etdiler.

Çykyşlarda 2023-nji ýylyň “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly” hökmünde kesgitlenmegiň ýaşlaryň milli maksatnamalary we daşary syýasat başlangyçlaryny durmuşa geçirmäge has işjeň saýlanmagyna we gatnaşmagyna itergi berendigi bellendi.

Şunuň bilen baglylykda, sagdyn ýaşlary watançylyk, jogapkärçilik, zähmet, dogruçyllyk, edeplilik, dostluk, duýgudaşlyk, başgalara hormat goýmak, tebigata hormat goýmak we garaşsyzlyk ruhunda terbiýelemegiň türkmen halkynyň medeniýetine ornaşandygy mälim edildi.

Häzirki wagtda Türkmenistanyň ýaş nesli dürli olimpiadalarda, döredijilik ýaryşlarynda, sungat festiwallarynda we sport ýaryşlarynda bilimlerini, başarnyklaryny görkezýär, döwlet we hususy gurluşlarda üstünlikli işleýär, milli ykdysadyýetiň ähli pudaklarynyň ösüşine işjeň gatnaşýar.

Şeýle hem forumyň çäklerinde türkmen ýaşlarynyň ýurdumyzyň durmuşynyň ähli ugurlarynda gazanan üstünliklerini açyp görkezýän sergi açyldy.