TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINDE GAZAGYSTAN RESPUBLIKASYNYŇ ILÇISI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2024-nji ýylyň 9-njy ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow Gazagystanyň Ilçisi Askar Täjibaýew bilen duşuşdy.
Duşuşygyň barşynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň giň gerimi boýunça Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmagyň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.
Diplomatlar ýokary derejeli saparlarda gazanylan ikitaraplaýyn şertnamalaryň iş ýüzünde durmuşa geçirilişine syn berdiler we 2024-nji ýyl üçin türkmen-gazak gatnaşyklarynyň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Şu nukdaýnazardan, taraplar daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky geňeşmeleriň ähmiýetini, şeýle hem ýokary derejeli yzygiderli ikitaraplaýyn saparlary we gatnaşyklary guramagyň zerurdygyny bellediler.
Taraplar parlamentara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň we iki ýurduň parlamentarlarynyň arasynda yzygiderli ýygnaklary we geňeşmeleri geçirmegiň möhümdigini bellediler.
ÝHHG, BMG, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy we beýlekiler ýaly abraýly halkara guramalarynyň çäklerinde hyzmatdaşlygyň we özara goldawyň oňyn tejribesi beýan edildi.