“ÝAŞLAR HOWANYŇ ÜÝTGEMEGI BILEN BAGLY HEREKETLER ÜÇIN: TÜRKMENISTANDA HOWANYŇ ÜÝTGEMEGI BOÝUNÇA HEREKETLERE GOŞANT GOŞMAK UGRUNDA ÝAŞLAR BAŞLANGYÇLARYNYŇ ÝOL KARTASY” BOÝUNÇA TEGELEK-STOL MASLAHATYNYŇ METBUGAT SYNY

2024-nji ýylyň 25-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Ýaşlar howanyň üýtgemegi bilen bagly hereketler üçin: Türkmenistanda howanyň üýtgemegi boýunça hereketlere goşant goşmak ugrunda ýaşlar başlangyçlarynyň ýol kartasy boýunça tegelek-stol maslahaty geçirildi.

Tegelek stol maslahatyna Türkmenistanda akkreditirlenen halkara guramalarynyň wekilleri, Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary we mugallymlary gatnaşdylar.

Çäräniň maksady Türkmenistanda howanyň üýtgemegi boýunça hereketlere goşant goşmak ugrunda ýaşlar başlangyçlarynyň ýol kartasyny durmuşa geçirmek babatynda kesgitlenen hereketleriň meýilnamasyny ara alyp maslahatlaşmakdan ybarat boldy.

Çykyşlaryň dowamynda Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak meselesiniň döwlet syýasatyň ileri tutulýan ugry bolup, bu ulgamda we suw serişdeleriniň peýdalanylmagynda ägirt uly işleriň edilýänligi nygtaldy. Türkmenisan howanyň üýtgemegi boýunça Pariž ylalaşygyny goldady, 2016-nji ýylyň oktýabrynda ony tassyklamak bilen, öz üstüne alan halkara borçnamalaryna esaslanyp, 2019-njy ýylda kabul edilen Howanyň üýtgemegi boýunça Türkmenistanyň milli strategiýasyna gaýtadan seretdi we onuň täze redaksiýasyny kabul etdi.

Çekeleşmeleriň we pikir alyşmalaryň netijesinde degişli Ýol kartanyň taslamasy hödürlenildi. Onda alyp barmaly işleriň esasy ugurlary, maksatlary, görkezijileri, möhletleri, jogäpkärler hem-de howanyň üýtgemegi boýunça türkmen ýaşlarynyň başlangyçlary beýan edildi.