BAE-NIŇ «WAM» HABARLAR AGENTLIGI BILEN HYZMATDAŞLYGYŇ MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
2024-nji ýylyň 25-nji ýanwarynda Daşary işler ministrliginde Türkmenistanda ilkinji gezek sapar bilen bolýan «WAM» habarlar agentliginiň wekilleri bilen gepleşikler geçirildi.
Gepleşikleriň dowamynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary M. Bäşimowa we «WAM» habarlar agentliginiň Baş direktory Mohammed Jalal al Raisi ikitaraplaýyn türkmen-emirlik gatnaşyklarynyň, ilkinji nobatda, maglumat meseleleri boýunça hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny kesgitlediler.
«WAM» habarlar agentliginiň Baş direktory türkmen tarapyny öz ýolbaşçylyk edýän düzüminiň işi bilen tanyşdyrdy we maglumat hyzmatdaşlygyny üpjün etmekde BAE-niň wekilýetiniň şu gezekki amala aşyran saparynyň ähmiýetini belledi.
M. Bäşimowa iki döwletiň arasynda ýola goýlan gatnaşyklaryň ýokary derejesini bellemek bilen, onuň şeýle bolmagyna iki döwletiň Baştutanlarynyň birek-biregiňkä amala aşyrýan saparlarynyň täsir edýändigini nygtady.
Medeni-ynsanperwer gatnaşyklarynyň, şol sanda köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ugry boýunça ösdürilmegi geljegi uly bolan ugur hökmünde kesgitlenildi. Şunuň bilen baglylykda, M. Raisi türkmen tarapyny 2024-nji ýylyň güýzünde Abu-Dabi şäherinde geçiriljek Ählumumy metbugat kongresine çagyrdy.
Taraplar maglumatlar gulluklarynyň arasynda gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň ähmiýetini bellediler hem-de ýurtlarda bolup geçýän özgerişler boýunça habarlary alyşmaklary ylalaşdylar.