TÜRKMENISTANYŇ DIM-NDE PORTUGALIÝANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINIŇ ÝÖRITE WEKILI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2024-nji ýylyň 22-nji maýynda Türkmenistanyň DIM-nde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen Portugaliýanyň Daşary işler ministrliginiň ýörite wekili Pedro Motinýo de Almeýdanyň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň we Portugaliýanyň köptaraplaýynlyk ýörelgelerine ygrarlydyklaryny görkezmek bilen, dürli halkara guramalarynyň, ilkinji nobatda BMG-niň çäklerinde işjeň hyzmatdaşlyk edýändikleri nygtaldy.
Taraplaryň pikirine görä, şeýle hyzmatdaşlyk halkara giňişliginde tagallalary jebisleşdirmegiň we köpçülikleýin jogapkärçiligiň möhümdigini beýan etmek bilen, ählumumy meseleleri köptaraplaýyn gurallar arkaly çözmäge umumy çemeleşmäni görkezýär.
Bar bolan mümkinçilikleri nazara almak bilen, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň we medeni-ynsanperwer ugurda gatnaşyklary giňeltmegiň ähmiýeti bellenildi.