TÜRKMEN-GAZAK GATNAŞYKLARYNY ÖSDÜRMEK MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

2024-nji ýylyň 27-nji maýynda Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew Astana şäherinde saparda bolýan Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowy kabul etdi.

Söhbetdeşligiň başynda Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Gazagystanyň Prezidentine Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň salamlaryny we iň oňat arzuwlaryny ýetirdi.

Bellenilşi ýaly, Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasyndaky gatnaşyklar strategiki hyzmatdaşlygyň häsiýetine eýe bolmak bilen, hil taýdan täze derejä ýetdi. Taraplaryň biragyzdan bellemegine ýokary derejedäki gatnaşyklar iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary işjeňleşdirmekde aýgytly orun eýeleýär.

Iki döwletiň köptaraplaýyn görnüşde, hususan-da BMG-niň çäklerindäki hyzmatdaşlygynyň ýokary derejesi bellendi.

Söhbetdeşligiň barşynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça türkmen-gazak ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmeginiň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar hökümetara, parlamentara, pudagara we daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky gatnaşyklaryň netijeli häsiýetini nygtadylar.

Şeýle hem özara gyzyklanma eýe bolan sebitara we halkara gün tertibiniň möhüm meseleleri barada pikir alyşmalar boldy.