UKRAINANYŇ ÇAGALAR MILLI KITAPHANASYNDA “TÜRKMEN HALKYNYŇ MEDENI GYMMATLYKLARY” ADY BILEN GEÇIRILEN SERGI
2024-nji ýylyň 23-30-njy maýy aralygynda beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy we “Pähim paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly mynasybetli Ukrainanyň Çagalar Milli kitaphanasynda Türkmenistanyň Ukrainadaky Ilçihanasy bilen bilelikde guralan “Türkmen halkynyň medeni gymmatlyklary” atly suratlaryň, kitaplaryň we milli egin-eşikleriň sergisi geçirildi.
Bir hepde dowam eden sergide dürli ýaşdaky okyjylar we kitaphanalara gelýänler Türkmenistanyň taryhy, binagärçiligi, medeniýeti, türkmen halkynyň däp-dessurlary bilen tanyşdylar. Kiýew şäheriniň 8 sany umumy bilim berýän, ýöriteleşdirilen we hünärment mekdepleriň okuwçylaryna, şeýle hem žurnalistika hünäri boýunça bilim alýan talyp ýaşlara toparlaýyn görkezilişikler guraldy.
Bu ýerde olara Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşýän taryhy we arheologiki ýadygärlikleri: ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen Gadymy Merw, Köneürgenç şäherlerini we Gadymy Nusaý galasy baradaky suratlar görkezildi, hem-de olaryň taryhy barada gürrüň berildi. Häzirki zaman türkmen şäherleri, milli zenan şaý-sepleri, egin-eşikleri, haly dokamak, keşde çekmek, ahalteke atçylyk sungaty we at bezemek däpleri boýunça suratlar sergä gelip görenleriň aýratyn üns merkezinde boldy.
Şeýle hem bu ýerde manekene geýdirilen türkmen aýal-gyzlaryň, erkekleriň we çagalaryň milli däplerdäki egin-eşikleriniň dürliligi, ajaýyplygy hem görkezildi.
Kitap önümleriniň sergisiniň çäklerinde bolsa, ýakynda Milli kitaphananyň çäklerinde tanyşdyryş dabarasy geçirilen meşhur türkmen şahyrynyň goşgularynyň ukrain diline terjimeleriniň doly ýygyndysy bolan “Magtymguly Pyragy. Ylham” atly kitabyna aýratyn üns çekildi.
Kitap sergisinde Magtymgulynyň ukrain we beýleki dillere terjime edilen bahasyna ýetip bolmajak ýygyndylary, görnükli türkmen akyldary hakynda ýazylan kitaplar, şeýle hem özboluşly neşir bolan Taras Şewçenkonyň türkmen dilindäki kitaby ýaýbaňlandyryldy.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň “Ýaşlar Watan daýanjy” atly ilkinji kitaby we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ukrain diline terjime edilen köp sanly kitaplary, hem-de beýleki köp sanly gyzykly edebiýatlar sergä gelip görenleriň hem aýratyn üns merkezinde boldy.