TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGY GDA-NYŇ TOHUMÇYLYK MESELELERI BOÝUNÇA HÖKÜMETARA UTGAŞDYRYJY GEŇEŞINIŇ ÝOLBAŞÇYSY BILEN DUŞUŞDY
2024-nji ýylyň 24-nji sentýabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow “Oba hojalyk ekinleriniň tohumçylygynda ýetilen sepgitler we öňde durýan wezipeler” atly halkara ylmy maslahata gatnaşan hem-de ýurdumyzyň ýokary döwlet sylagyna mynasyp bolan GDA-nyň Tohumçylyk meseleleri boýunça hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň ýolbaşçysy Iwan Kuzmin bilen duşuşdy.
Alym duşuşmaga döredilen mümkinçilik hem-de türkmen topragynda bildirilen myhmansöýerlik üçin hoşallygyny beýan edip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň guramaçylyk derejesine ýokary baha berdi. Bu mejlis türkmen halkynyň agzybirliginiň, jebisliginiň, bir maksada gulluk edýändiginiň aýdyň beýany boldy. Şeýle-de alymyň bütin ömrüni oba hojalyk pudagynyň, tohumçylykda seçgiçilik işiniň ösdürilmegine bagyşlandygy bellenildi.
Gahryman Arkadagymyz oba hojalykçy akademige Türkmenistanyň oba hojalyk pudagyny ylmy esasda ösdürmek ugrunda ýadawsyz tagallalary üçin minnetdarlyk bildirip, myhmany bu ugurda ýerine ýetirýän giň möçberli işleri we tohumçylygy ylmy esasda ösdürmäge goşan uly şahsy goşandy üçin ýurdumyzyň iň ýokary döwlet sylagy — «Türkmenistanyň Gahrymany» diýen belent ada mynasyp bolmagy bilen tüýs ýürekden gutlady.
GDA-nyň Tohumçylyk meseleleri boýunça hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň başlygy Türkmenistanyň iň ýokary sylagyna mynasyp bolmagyň özi üçin belent mertebedigini aýdyp, umumymilli forumyň çäklerinde duýdansyz bolup geçen tolgundyryjy wakanyň öz alyp barýan işine bildirilen hormatyň aýratyn nyşanyna öwrülendigini belledi. Şunda ýurdumyzyň Oba hojalyk ylmy-barlag institutynyň alymlary tarapyndan döredilen hem-de “Serdar”, “Arkadag”, “Pyragy” diýlip atlandyrylan bugdaýyň täze görnüşlerine ýokary baha berildi.
Nygtalyşy ýaly, bugdaýyň bu görnüşleri ýokary hasyllylygy, kesele durnuklylygy, ýerli toprak-howa şertlerine uýgunlaşýandygy bilen tapawutlanýar. Munuň özi Türkmenistanda oba hojalyk pudagynyň ylmy esasda ösdürilmegine, ýurtda azyk howpsuzlygynyň berkidilmegine, pudagyň eksport mümkinçilikleriniň ýokarlandyrylmagyna döwlet derejesinde ähmiýet berilýändiginiň nobatdaky güwäsidir.
Duşuşygyň ahyrynda Gahryman Arkadagymyz alymy ýokary döwlet sylagy bilen ýene-de bir gezek gutlap, oňa mundan beýläk-de üstünlikleri arzuw etdi.