TÜRKMENISTANYŇ UKRAINADAKY ILÇISI UKRAINANYŇ EL KEŞDE WE HALYÇYLYK MERKEZINIŇ BAŞLYGY BILEN DUŞUŞDY

20.02.2025ý. senede Türkmenistanyň Ukrainadaky Ilçihanasynyň binasynda Ilçi T.Ataýewiň Ukrainanyň halk çeperçilik ussatlary milli birleşiginiň agzasy we halk sungatynyň görnükli ussady Nadežda Wakulenko we halyçy Ýuliýa Pariçuk bilen duşuşygy geçirildi.
Bütinukraina el keşde we halyçylyk merkezi Poltawa oblastynyň Reşetilowka şäherinde ýerleşýär. Şäheriň özi XIX asyrda el keşde, halyçylyk we haly dokamak merkezleriniň birine öwrüldi, hem-de şol ýerden bütin dünýäde tanalýan “ak matanyň üstünde ak nagyş etmek” ýaly özboluşly, aýratyn çylşyrymly nagyş görnüşi döredi.
Bu barada şu günki günde Ukrainanyň el keşde we halyçylyk senetlerini ösdürmegiň köp asyrlyk däplerini dowam etdirýän Merkeziň başlygy aýtdy. Merkez keşde we haly dokamak bilen baglanyşykly etnografiki, çeper we dokumental materiallaryň ýygyndysyny özünde jemleýär, olary aýawly we gorap saklanmagy üpjün edýär, şeýle hem ylmy işleri alyp barýar.
Bütinukraina el keşde we halyçylyk merkeziniň wekilleri bu Merkeziň halk döredijiligini we senetçiligi wagyz etmek üçin dürli sapaklaryny we sergileri geçirmek, sebitleýin, ähliukrain we halkara çärelerine gatnaşmak boýunça geçirilýän işjeň medeni we terbiýeçilik işleri barada gürrüň berdiler.
Türkmenistanyň Ilçisi öz gezeginde ukrain tarapyna medeni mirasymyzy we milli özboluşlylygymyzy gorap saklamakda we ýaýratmakda möhüm ähmiýete eýe bolan, ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna goşulan haly dokamak we keşde çekmek ýaly milli sungatyň däpleri barada gürrüň berdi.
Ukrain tarapy şu ýyl 25-nji maýda Aşgabatda geçiriljek Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli haly we haly önümleriniň sergisi hem-de Türkmen halyşynaslarynyň Bütindünýä jemgyýetiniň XXV mejlisine gatnaşmaga çagyryldy.
Halyşynas Ý.Pariçuk hem öz gezeginde 2015-nji ýylda Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli Türkmenistanda geçirilen serginiň çäklerinde ukrain halk sungatynyň ajaýyp nusgalaryny ýaýbaňlandyrandygy baradaky ýatlamalary bilen paýlaşdy.
Duşuşyga gatnaşyjylar tejribe alyşmak we dostlukly ýurtlaryň medeni mirasyny wagyz etmek maksady bilen bilelikdäki çärelere gatnaşmaga we geçirmäge gyzyklanma bildirdiler.