TÜRKMENISTANDA TÜRKMEN BEDEWINIŇ MILLI BAÝRAMY BELLENILÝÄR

img
img
img
img
img
img

Türkmenistanda her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde türkmen bedewiniň milli baýramy bellenilýär.

Bu baýram garaşsyzlyk baýramy bilen deň bolup, 1992-nji ýylda ykrar edildi we şondan bäri ýokary guramaçylyk derejesinde we uly joşgun bilen bellenilýär.

Bu baýram mynasybetli geçirilýän çärelere aprel aýynyň başynda badalga berilýär, hem-de baýramçylyk mynasybetli geçirilýän çäreler aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde uly şowhuna beslenýär.

Halkymyzyň şöhratly taryhynyň ähli döwürlerinde «behişdi» bedewlere aýratyn hormat bilen garalypdyr. Ahalteke aty gaýtalanmajak owadanlygy we gözelligi bilen diňe bir biziň ýurdumyzyň däl, eýsem tutuş adamzat nesliniň bahasyna ýetip bolmajak hazynasyna öwrüldi.

2023-nji ýylyň dekabrynda ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasy goramak boýunça hökümetara komitetiniň Botswana Respublikasynyň Kasane şäherinde geçirilen 18-nji mejlisinde «Ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleri» atly milli hödürnamany Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmek baradaky çözgüdiň kabul edilmegi türkmen halkynyň asyrlarboýy kemala getiren milli gymmatlyklarynyň dünýäde ykrar edilýändiginiň nobatdaky mysaly boldy. 

Türkmenistanda arassa tohumly Ahalteke atlarynyň genofondyny gorap saklamaklyga, olaryň baş sanyny köpeltmeklige, atlary ösdürip ýetişdirýän atşynaslaryň ýaşaýyş-durmuş derejesine uly üns berilýär, olara “Türkmenistanyň at gazanan atşynasy”, “Türkmenistanyň ussat halypa çapyksuwary” we “Türkmenistanyň halk atşynasy” ýaly hormatly atlary daklýarlar. Şeýle hem, “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň üstünlikleri hem bellendi.

Şu gün, 25-nji aprelde Mary welaýatynyň Mary atçylyk sport toplumynda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli baýramçylyk atçapyşyklary geçirildi. Bu çäre ýurdumyzda giňden bellenilýän şanly senäniň derejesini we ähmiýetini belende göterdi.