Arkadag şäherinde “Taýçanak” binasy we Ahalteke atlary şaýoly açyldy
27.04.2025 ý. senede halkymyzyň milli buýsanjyna öwrülen nurana bedewleriň şanyna guralýan baýramçylygyň çäklerinde Arkadag şäherinde “Akhan” binasyndan “Taýçanak” binasyna çenli aralykda durky täzelenen Ahalteke atlary şaýolunyň hem-de täze gurlan “Taýçanak” atly binanyň açylyş dabarasy boldy.
Hepdäniň şenbe gününde bu ýerde «Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi» atly halkara gözellik bäsleşiginiň we döredijilik işgärleriniň arasynda yglan edilen bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirilip, ol Türkmen bedewiniň milli baýramynyň hormatyna guralýan dabaralaryň ähmiýetini artdyrdy. Nurana şäheriň görküne görk goşan Ahalteke atlary şaýolunyň hem-de “Taýçanak” atly binanyň açylyş dabaralary bu künjekde guralan baýramçylyk çäreleriniň üstüni ýetirdi.
Geljekde täze şaýoluň ugrunda şöhraty dünýä dolan bedewleriň heýkelleriniň oturdylmagy häzirki nesilleriň paýhasly pederlerimiziň taryhyň dowamynda döreden milli gymmatlyklaryna bolan sarpasynyň aýdyň nyşanyna öwrüler. Şöhratly ahalteke bedewleriniň heýkelleriniň binýadynda şol bedewiň nesil ugruna, taryhyna we gazanan üstünliklerine degişli maglumatlaryň ýerleşdirilmegi ýaş nesilleriň milli gymmatlyklarymyza bolan buýsanjyny we söýgüsini has-da artdyrar.