TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI PARIŽDE TÜRKMEN-FRANSUZ YKDYSADY FORUMYNA GATNAŞDY

photo

Fransiýa Respublikasyna resmi saparynyň çäklerinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Parižde guralan Türkmen-fransuz ykdysady forumyna gatnaşdy we onda çykyş etdi.

Oňa Fransiýanyň öňdebaryjy kompaniýalarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri bilen, Türkmenistanyň wekiliýet agzalary, şeýle hem türkmen işewürleri-de gatnaşdylar.

Gahryman Arkadag bu duşuşygyň guralandygy hem-de türkmen-fransuz ykdysady hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmegiň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin fransuz tarapyna minnetdarlyk bildirip, forumdaky çykyşynyň üç ugurdan ybaratdygyny belledi. Bellenilişi ýaly, çykyş üç ugur: birinjiden, Türkmenistanyň häzirki geosyýasy ýagdaýy, ikinjiden, geoykdysady ýagdaýy, üçünjiden, bilelikdäki işleri utgaşdyrmak bilen bagly mesele hakynda boldy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri çykyşynyň barşynda foruma gatnaşyjylary şu ýylyň 12-nji dekabrynda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy hem-de Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli Aşgabatda halkara derejede geçiriljek çärelere çagyrdy.

«Türkmenistan fransuz işewürlerine maýa goýumlaryny goýmak hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmek üçin ähli amatly şertleri döretmegi teklip etmäge taýýardyr» diýip, Gahryman Arkadag nygtady we bäş ugur boýunça hyzmatdaşlyk meselesine ünsi çekdi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy fransuz işewür toparlary bilen özara gatnaşyklarda göz öňünde tutulýan uzak möhlete niýetlenen mümkinçiliklerden ugur alyp, birnäçe anyk teklipleri öňe sürdi.