Serdar Berdimuhamedow watandaşlaryny Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni bilen gutlady

img
img
img
img

Şu gün Türkmenistanda goşa baýram — Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň hem-de Döwlet baýdagynyň güni giňden we dabaraly bellenilýär. Şu mynasybetli Prezident Serdar Berdimuhamedow Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ähli halkyna baýramçylyk Gutlagy bilen ýüzlendi. 

Döwlet baştutany Serdar Berdimuhamedowyň ýüzlenmesinde “Türkmenistanyň Konstitusiýasy we Döwlet baýdagy biziň asyrlaryň dowamynda kemala gelen milli döwletliligimiziň hem-de buýsanjymyzyň gözbaşydyr” diýilýär. Prezident Serdar Berdimuhamedow gutlagynda, Türkmenistanyň döwlet we jemgyýetçilik durmuşyny demokratiýalaşdyrmagy dowam etdirýändigini, döwlet gurluşynyň milli we halkara tejribesini öz içine alýan Esasy Kanunymyza daýanýandygyny aýtdy.

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda bellenilýän milli baýramçylyk mynasybetli ýurtda Konstitusiýa ýadygärliginde we Aşgabatyň esasy baýdak meýdançasynda, Arkadag şäherinde, welaýatlaryň dolandyryş merkezlerinde, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda, şäherleriň we obalaryň çäklerinde medeni we köpçülikleýin çäreler geçirilýär.

Şeýle-de, Döwlet baştutany Serdar Berdimuhamedow 2025-nji ýylyň 21-nji martynda BMG-nyň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 61-nji umumy mejlisinde kabul edilen «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly parahatçylygyň we dostlugyň berkarar bolmagy ugrundaky tagallalarymyzy bütin dünýä äşgär edýän Kararnamanyň kabul edilendigini ýatlatdy.

Şeýle-de, ýüzlenmede Türkmenistanyň halkara derejesinde demokratik hukuk we dünýewi döwlet hökmünde pozisiýasyny pugtalandyrmagyny dowam etdirjekdigi nygtalýar.