TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI NÝU-ÝORKDA BMG-NIŇ BAŞ SEKRETARY BILEN DUŞUŞDY

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna iş saparynyň çäklerinde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterriş bilen duşuşdy.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Baş sekretar Antoniu Guterrişi BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň üstünlikli başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlap, Baş Assambleýanyň işiniň ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmaga, şeýle hem Durnukly ösüş maksatlaryny ilerletmäge uly goşant goşjakdygyna ynam bildirdi.
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş sekretaryny şu ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda geçiriljek halkara foruma gatnaşmaga çagyrdy.
Duşuşygyň barşynda Antoniu Guterriş «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda üstünlikli geçirilen Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň ýokary guramaçylyk derejesi üçin Türkmenistana hoşallyk bildirip, bu forumyň we onuň dowamynda kabul edilen resminamalaryň BMG-niň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň meselelerini çözmek boýunça alyp barýan işinde täze tapgyry açandygyny belledi.