TÜRKMENISTAN PARAHATÇYLYKLY ÝAŞAÝYŞ BOÝUNÇA MERKEZI AZIÝA FORUMYNY GEÇIRMEGI TEKLIP ETDI

photo

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sişenbe güni Nýu-Ýorkda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň mejlisinde “Merkezi Aziýa — parahatçylykly ýaşaýşy gurmagyň giňişligi” atly halkara forumy geçirmegi hem-de Halkara araçylyk gününi yglan etmek hakynda Kararnamanyň taslamasyny teklip etdi.

Döwlet Baştutanynyň belleýşi ýaly, parahatçylygyň we özara düşünişmegiň pugtalandyrylmagy medeni-ruhy baglanşygyň saklanylmagy we häzirki döwrüň medeni ösüşi bilen berk baglanyşyklydyr. Taryhy taýdan Gündogary we Günbatary baglanyşdyrýan köpri bolup hyzmat eden Merkezi Aziýa ýene-de dialogyň, hyzmatdaşlygyň hem-de gymmatlyklar alyş-çalşygynyň giňişligine öwrülmelidir.

Forum sebitiň ýurtlaryny, gyzyklanma bildirýän döwletleri we halkara guramalary bir meýdança jemläp, hyzmatdaşlygy ösdürmäge we parahatçylykly gatnaşyklary berkitmäge gönükdiriler. Türkmenistanyň Prezidentiniň öňe süren Halkara araçylyk güni baradaky başlangyjy bolsa jedelli meseleleri gepleşik, araçyllyk we hyzmatdaşlyk arkaly çözmegiň zerurlygyny görkezýär.