Mämmethan Çakyýew: Türkmenistan daşary ýurt maýadarlary hyzmatdaşlyga çagyrýar
Türkmenistan daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň anyk maýa goýum tekliplerine seretmäge taýýar diýip, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Mämmethan Çakyýew çarşenbe güni Aşgabatda geçirilýän “Türkmentel–2025” ylmy maslahatynda aýtdy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.
Wise-premýeriň bellemegine görä, taslamalar Türkmenistanyň alyp barýan “açyk gapylar” syýasatynyň çäklerinde, özara bähbitli hem-de deňhukukly şertlerde amala aşyrylar.
Türkmenistanyň üstaşyr- ulag mümkinçilikleri barada aýdyp, Mämmethan Çakyýew ýurduň amatly geo-ykdysady ýerleşişi sebäpli “Gündogar–Günbatar” hem-de “Demirgazyk–Günorta” ugurlary boýunça infrastrukturasyny işjeň ösdürýändigini nygtady. Onuň sözlerine görä, bu taslamalar Ýewraziýa giňişliginde halkara söwda-ykdysady gatnaşyklaryny giňeltmek üçin giň mümkinçilikleri açýar.
Wise-premýer şeýle hem sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň ähmiýetine ünsi çekdi. Ol “Elektron hökümet” ulgamyny ornaşdyrmak, emeli aň we bulut tehnologiýalary ösdürmek, ýokary derjeli hünärmenleri taýýarlamak hem-de innowasion çözgütleri milli aragatnaşyk ulgamyna ornaşdyrmak meseleleriniň ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda durýandygyny belledi.