Türkmenistanyň Ukrainadaky Ilçisi Ukrainanyň Daşary işler ministriniň orunbasary bilen Merkezi Aziýa döwletleriniň Ilçileriniň bilelikdäki duşuşygyna gatnaşdy
2025-nji ýylyň 12-nji noýabrynda Ukrainanyň Daşary işler ministrliginde Ukrainanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Aleksandr Mişşenko bilen Ukrainada akkreditlenen Merkezi Aziýa döwletleriniň Ilçileriniň duşuşygy geçirildi.
Duşuşyga Türkmenistanyň Ukrainadaky Ilçisi jenap Toýly Ataýew gatnaşdy.
Ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy işjeňleşdirilmegi we geljegi, hyzmatdaşlygyň ugurlary we mehanizmleri, şeýle hem geljekki özara gatnaşyklaryň formatlaryny kesgitlemek duşuşygyň esasy mowzuklary boldy.
Şu nukdaýnazardan, ministriň orunbasary daşary ýurtly diplomatlara Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň düzüminde ýörite Merkezi Aziýa boýunça müdirliginiň döredilendigi barada maglumaty ýetirdi we onuň ýolbaşçysyny tanyşdyrdy.
A.P.Mişşenko özara gyzyklanma bildirilýän köp ugurlarda sebit döwletleri bilen hyzmatdaşlygyň häzirki meselelerine we Ukraina bilen Merkezi Aziýa döwletleriniň arasyndaky dialogy ösdürmegiň geljekki mümkinçiliklerine aýratyn üns berdi. Ol ukrain tarapynyň ikitaraplaýyn edaralar we iş toparlary bilen has işjeň gatnaşyk guramaga, Daşary işler ministrlikleriniň derejesinde syýasy geňeşmeleri geçirmäge we parlamentleriň arasyndaky gatnaşyklary işjeňleşdirmäge gyzyklanmalaryň bardygyny belledi.
Duşuşyga gatnaşyjylar işjeň gepleşikleri dowam etdirmäge we hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga gönükdirilen bilelikdäki başlangyçlary durmuşa geçirmäge taýýardyklaryny nygtadylar.