Türkmenistanyň Ukrainadaky Ilçisi Ukrainanyň Daşary işler ministriniň orunbasary bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdy

img
img
img
img

2025-nji ýylyň 20-nji noýabrynda Ukrainanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Ukrainadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi jenap Toýly Ataýew bilen Ukrainanyň Daşary işler ministriniň orunbasary jenap Aleksandr Mişşenkonyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşykda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň mehanizmlerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Diplomatik we daşary syýasat ugurlarda hyzmatdaşlygy, halkara guramalarynyň çäklerinde halkara başlangyçlaryň özara goldanylmagy mowzuklaryna aýratyn üns berildi. Söhbetdeşligiň çäginde ministriň orunbasary Ukrainanyň 1995-nji ýylda alnan we BMG-niň degişli kararlary bilen birnäçe gezek tassyklanan Türkmenistanyň hemişelik bitaraplyk derejesine goldawyny belledi.

Taraplar ykdysady ugurda we beýleki möhüm pudaklarda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň maksadalaýykdygy barada ylalaşdylar.