TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINE “TÜRKMENISTANYŇ BITARAPLYGYNYŇ 30 ÝYLLYGYNA” ATLY ÝUBILEÝ MEDALY GOWŞURYLDY

photo

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa “Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna” atly Türkmenistanyň ýubileý medaly we ýadygärlik nyşanlar toplumy gowşuryldy. Sylaglamak dabarasy Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisiniň tamamlanmagynda “Oguz han” köşkler toplumynda geçirildi.

Dabaranyň başynda milli parlamentiň ýolbaşçysy Dünýägözel Gulmanowa Türkmenistanyň Mejlisiniň degişli kararyny okady. Resminamada Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny, özygtyýarlylygyny we hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny berkitmekde, onuň halkara abraýyny hemişelik Bitaraplyk ýörelgelerine laýyklykda ýokarlandyrmakda, “Açyk gapylar” daşary syýasy ugruny ösdürmekde, parahatçylyk we ynanyşmak syýasatynyň hukuk esaslaryny, durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen halkara başlangyçlary öňe sürmekde, şeýle hem Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmekde uly goşandy nygtalýar.  

Sylaglamak dabarasy Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 81-nji maddasyna laýyklykda, şeýle hem Halkara Bitaraplyk gününe hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllyk baýramy mynasybetli geçirildi.

Giňişleýin mejlisiň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidentiniň täze kitaby — “Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly”  atly kitabyň tanyşdyrylyş dabarasy hem geçirildi.