TÜRKMENISTAN BILEN ABŞ YKDYSADY HYZMATDAŞLYGY GIŇELTMEGIŇ MÜMKINÇILIKLERINI MASLAHATLAŞDY

photo

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow penşenbe güni Aşgabat şäherinde Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Günorta we Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili Serjio Gor bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda taraplar özara gyzyklanma bildirilýän ugurlar boýunça ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljekki mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Gepleşikleriň barşynda taraplar sebit durnuklylygy bilen baglanyşykly meseleler boýunça hem pikir alyşdylar.

Amerikan tarapy Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklara ýokary baha berýändigini belledi.

Şol gün ABŞ-nyň Türkmenistandaky Ilçihanasy tarapyndan Serjio Goryň, şeýle-de amerikan we türkmen işewür toparlarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda resmi kabul edişlik guraldy.