TÜRKMENISTANDA BILIM WE ULAG-ARAGATNAŞYK ULGAMLARY BOÝUNÇA TÄZE WISE-PREMÝERLER BELLENILDI
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow anna güni Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisiniň dowamynda ýurduň ulag-aragatnaşyk toplumyna gözegçilik edýän wise-premýeri, şeýle hem ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport, ýaşlar syýasaty we jemgyýetçilik ulgamlaryna jogapkär wise-premýeri täzeledi.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ulag-aragatnaşyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasary wezipesine Batyr Annaýew bellenilip, Mämmethan Çakyýew bu wezipeden boşadyldy.
Mejlisiň dowamynda Serdar Berdimuhamedow ylym, bilim we saglygy goraýyş meseleleri boýunça Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Baýramgül Orazdurdyýewany wezipesinden boşatmak hakynda buýruga gol çekdi. Bu wezipä ozal Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň rektory bolup işlän Batyr Mämmedow bellenildi.
Mejlisiň dowamynda döwlet Baştutany ýangyç-energetika toplumyna gözegçilik edýän wise-premýeri, birnäçe ministrleri we etrap häkimlerini wezipeden aýyryp, wezipä belledi.