AŞGABATDA TÜRKSOÝ-NYŇ XXVII OPERA GÜNLERI MYNASYBETLI DABARALY KONSERT GEÇIRILDI
03.05.2026 ý. Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Türki medeniýetiň halkara guramasynyň XXVII opera günleri mynasybetli dabaraly konsert geçirildi. Onda Türkmenistanyň, Türkiýäniň, Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň hem-de Özbegistanyň opera sungatynyň ussatlary çykyş etdiler.
«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, dabara Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestriniň hem-de Döwlet horunyň ýerine ýetirmeginde Weli Muhadowyň sazyna döredilen «Türkmenistan — bagy-bossan» atly aýdym bilen açyldy. Konsertiň dowamynda dünýäniň we türki dünýäsiniň nusgawy opera sungatynyň naýbaşy eserleri ýerine ýetirildi. Sahna ussatlary tarapyndan türkmen, özbek, gyrgyz, azerbaýjan, gazak hem türk dillerindäki milli operalardan bölekler, şeýle hem dünýä medeniýetiniň genji hazynasyna öwrülen meşhur ariýalar hem-de aýdymlar bolan “Romeo we Žulýetta", “Pagliacci”, “Ykbalyň güýji”, “Trubadur”, “Karmen”, “Faust”, “Andre Şenýe” we “Granada” ýaly çykyşlar tomaşaçylaryň şowhunly el çarpyşmalara mynasyp boldy.
Bu ýylky çäre türki dilli halklaryň umumy köklerine çuňňur hormat goýmagyň we dünýäniň nusgawy mirasyna ýokary baha bermegiň alamatydyr.