“AK ŞÄHERIM AŞGABAT 2026” MASLAHATY DÜNÝÄNIŇ 55 ÝURDUNDAN WEKILI JEMLÄR
24-25-nji maý aralygynda Aşgabat şäherinde durnukly, inkluziw we akylly şäherler boýunça BMG-niň ýokary derejeli tegelek stoluny öz içine alýan “Ak şäherim Aşgabat 2026” (WCA 2026) atly maslahaty geçirilýär. Maslahata 55 ýurtdan 650-den gowrak wekiliň, hem-de halkara guramalarynyň wekilleriniň, maýadarlaryň, arhitektorlaryň, inženerleriň we şäher gurluşygy boýunça hünärmenleriň gatnaşmagy garaşylýar.
Maslahatda şäher gurluşygy we durnukly şäherleşme ulgamynda işleýän hünärmenler gatnaşyp, akylly şäher tehnologiýalary, döwrebap infrastruktura we inkluziw şäher meýilnamasy boýunça tematiki çykyşlary öz içine alar. Maslahatyň maksatnamasy, sergi we hemaýatkärlik bukjalary baradaky giňişleýin maglumat çäräniň resmi saýtynda ýerleşdirildi: ashgabat-white-city.com.
Bu ýerde Bakuda geçirilen Bütindünýä şäher forumynda edilen beýanata aýratyn üns bererlikdir: BMG-niň Ilatly nokatlar boýunça maksatnamasynyň (BMG-Habitat) Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin direktory Erfan Ali Maksatnamasynyň taslama edarasyny Aşgabatda açmagyň mümkinçiligini yglan etdi. Onuň sözlerine görä, türkmen paýtagty durnukly şäher ösüşi boýunça halkara gepleşiklerine barha köp gatnaşýar.