AŞGABATDA TÜRKMEN HALYSYNYŇ GÜNI BELLENILDI
Däp bolşy ýaly, maý aýynyň soňky ýekşenbesinde ýurdumyz iň bir uly milli baýramçylyklarynyň birini - türkmen halysynyň gününi belledi. Aşgabatdaky türkmen halysynyň milli muzeýi dabaranyň üns merkezinde bolup, bu ýerde nusgawy mirasyň eserlerini we häzirki zaman işlerini jemleýän uly möçberli sergi açyldy.
Serginiň açylyş dabarasyna Türkmenistanyň Mejlisiniň, ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik işgärleri, şeýle hem ýurtda akkredetirlenen diplomatik wekilhanalarynyň we halkara guramalarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhammedowyň gatnaşyjylara iberen gutlag sözlerinde zenanlaryň zehininden we paýhasyndan dörän ajaýyp türkmen halysynyň amaly haşam sungatyň çäklerinden çykyp, adamzat siwilizasiýasynyň hazynasyna gymmatly goşant goşandygy barada nygtalypdyr.
Sergide dürli haly eseleriniň görnüşleri görkezildi. Sergide nusgawy göller bilen bezelen monumental polotnolar bilen birlikde, asyrlaryň dowamynda göçme durmuşynyň esasyny düzen – çuwallar, horjunlar, halyçalar, namazlyklar we ajaýyp at esbaplary görkezildi. Ýerli telekeçiler özleriniň stendlerini haly portretleri, peýzažy suratlandyrýan dokalan pannolary, ýüpek önümleri we ajaýyp el işleri bilen bezelen sowgatlyklar bilen bezemek arkaly bu gadymy senetçiligiň döwrebap görnüşini görkezdiler.
Köp ýyllyk yhlasly işleri we däp-dessurlara ygrarlylygy üçin iň gowy halyçylara Döwlet Baştutanymyzyň Permany bilen “Türkmenistanyň at gazanan halyçysy” diýen hormatly ady dakyldy.
Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) Baş sekretary Sultan Raýew türki dünýäde halyçylyk senediniň ösdürilmegine goşýan goşantlary üçin “Türkmenhaly” döwlet birleşigine ýörite diplomy gowşurdy. Ol halynyň diňe bir dokma önümi bolmak bilen çäklenmän, eýsem, türki halklaryň taryhy köklerini, çeper döredijiligini we ruhy baýlygyny özünde jemleýän maddy gymmatlyk bolup durýandygyny we häzirki döwürde bu seneti gorap saklamakda Türkmenistanyň tejribesiniň özboluşlydygyny belledi.
Günüň ikinji ýarymynda Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň XXVI mejlisi geçirildi. Medeniýet we sungat işgärleri, dünýäniň ylmy, işewürlik jemgyýetçiliginiň agzalary, alymlar, halyşynaslar türkmen halylarynyň gaýtalanmajak keşbi we çitimleriniň özboluşlylygy bilen dünýäni haýran edýändigini ara alyp maslahatlaşdylar.
Şol gün baýramçylyk çäreleri, sergiler we ylmy-amaly maslahatlar tutuş ýurt boýunça ýaýbaňlandyryldy, bu bolsa gadymy haly dokamak sungatynyň häzirki zaman türkmen medeniýetiniň janly we ösýän bölegi bolmagynda galýandygyny tassyklaýar.