img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
UKRAINA - KIÝEW
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

ÝAGŞYMYRADOW BILEN PAUELLIŇ PFL ÝARYŞYNDAKY SÖWEŞI 7-NJI AWGUSTA GEÇIRILDI

photo

Garyşyk başa-baş söweş sungaty (MMA) boýunça türkmen türgeni Döwletjan Ýagşymyradow bilen Beýik Britaniýanyň wekili Simeon Pauelliň PFL New York ýaryşynyň çäklerinde meýilleşdirilen söweşi 31-nji iýuldan 7-nji awgusta geçirildi.

Duşuşyk ABŞ-nyň Nýu-Ýork ştatynyň Long-Aýlend sebitinde ýerleşýän «UBS Arena» sport toplumynda geçirilmelidi. PFL guramasynyň ýarym agyr agram derejesindäki reýtinginde Döwletjan Ýagşymyradow ikinji, Simeon Pauell bolsa bäşinji orny eýeleýär.

Döwletjan Ýagşymyradow soňky gezek 2026-njy ýylyň aprel aýynda geçirilen PFL Belfast ýaryşynda çykyş edip, eminleriň biragyzdan çykaran karary bilen Taýson Pedrony ýeňdi. Häzire çenli türkmen türgeniniň hasabynda 26 ýeňiş, 8 ýeňliş we 1 deňme-deň netije bar.

Simeon Pauell bolsa iň soňky söweşini 2026-njy ýylyň maý aýynda PFL Sioux Falls ýaryşynda geçirip, üçünji raundda Emiliano Sordini tehniki nokaut bilen ýeňdi. Onuň görkezijisi 12 ýeňişden we 2 ýeňlişden ybarat.