img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
UKRAINA - KIÝEW
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

BMG HALKARA HUKUGYNYŇ ÝYLY BARADAKY KARARNAMANY ÄHLI RESMI DILLERDE ÇAP ETDI

photo

BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80/295 belgili «2028-nji ýyl — Halkara hukugynyň ýyly» atly kararnamasy Birleşen Milletler Guramasynyň ähli alty resmi dilinde resmi taýdan çap edildi. Türkmenistan tarapyndan öňe sürlen bu resminama «Parahatçylyk medeniýeti» atly gün tertibiniň 14-nji maddasy boýunça ýerleşdirildi. Onuň doly teksti bilen BMG-niň internet sahypasynda tanşyp bolýar.

Habar-da bellenilişi ýaly, kararnamanyň ähli resmi dillerde çap edilmegi onuň Baş Assambleýa tarapyndan kabul edilmeginden soň resminamany resmileşdirmek işiniň tamamlanandygyny görkezýär hem-de resminamanyň gurama agza döwletleriň arasynda giňden ýaýradylmagyny üpjün edýär.

Kararnama 2028-nji ýyly Halkara hukuk ýyly diýip yglan edýär. Resminamanyň giriş bölüminde halkara hukugynyň we BMG-niň Tertipnamasynyň parahatçylygy, howpsuzlygy we döwletleriň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary üpjün etmekde esasy orny eýeleýändigi, şeýle hem bu ugurda bilim bermegiň, mümkinçilikleri ösdürmegiň we tehniki kömegiň, ilkinji nobatda ösüp barýan, iň pes ösen we deňze çykalgasy bolmadyk döwletler, şeýle hem kiçi ada döwletleri üçin ähmiýetiniň uludygy nygtalýar. Halkara hukugyny giňden wagyz etmekde BMG-niň halkara hukugyny okatmak we öwrenmek boýunça kömek maksatnamasynyň, degişli seminaranyň, BMG-niň audiowizual materiallar kitaphanasynyň hem-de Hukuk meseleleri boýunça müdirligiň ýöriteleşdirilen neşirleriniň goşýan goşandy hem aýratyn bellenilýär.

Baş Assambleýa agza döwletleri, BMG ulgamynyň düzümindäki edaralary we beýleki gyzyklanýan taraplary Halkara hukugynyň ýylyny bilim beriş başlangyçlaryny, mümkinçilikleri ösdürmek we jemgyýetçiligiň habarlylygyny ýokarlandyrmak boýunça çäreleri geçirmek arkaly bellemegi çagyrdy. Assambleýa aýratyn bir bentde Türkmenistanyň 2028-nji ýylyň dekabrynda Halkara hukugy boýunça Ählumymy forumy geçirmek baradaky niýetini makullady.