МOLDOWA RESPUBLIKASY GARAŞSYZLYGYNYŇ 35 ÝYLLYGYNY BELLEÝÄR
27-nji awgustda Moldowa Respublikasy Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyny – ýurduň häzirki zaman taryhynda täze sahypany açan şanly senäni belleýär.
Garaşsyzlygyň üç ýarym onýyllygy Moldowanyň ösüşiniň, onuň halkara gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagynyň, baý medeni mirasynyň we milli däp-dessurlarynyň goralmagynyň möhüm tapgyrlaryny öz içine aldy.
Türkmenistan bilen Moldowa Respublikasyny köpýyllyk dostluk we özara hormat goýmak gatnaşyklary baglanyşdyrýar. Iki ýurduň arasynda ýola goýlan konstruktiw dialog syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek üçin berk binýady döredýär.
Şu baýramçylyk mynasybetli şol bir wagtyň özünde Moldowa Respublikasynda akkreditirlenen Türkmenistanyň Ilçihanasy dostlukly Moldowa halkyny Garaşsyzlygyň şanly 35 ýyllygy bilen gutlaýar, hem-de ýurda parahatçylyk, abadançylyk we gülläp ösüş arzuw edýär.