img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
UKRAINA - KIÝEW
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

Türkmenistanda Hatyra güni bellenilýär

photo

Şu gün — 6-njy oktýabrda Türkmenistanda Hatyra güni bellenilýär. Bu günde türkmenistanlylar söweş meýdanlarynda wepat bolan Watan goragçylaryny hem-de pajygaly tebigy hadysanyň — 1948-nji ýylyň Aşgabat ýertitremesiniň pidalaryny hatyralaýarlar. Munuň özi halkyň ruhy durmuşynda örän uly ähmiýete eýedir.

Aşgabat ýertitremesi adamzat taryhyna XX asyryň iň weýrançylykly hadysalarynyň biri hökmünde girdi. Bu elhenç heläkçilik oktýabr aýynyň 5-inden 6-syna geçilýän gijede şäheri duýdansyz gaplap aldy. Netijede, şol wagt paýtagtda ýaşaýan 198 müň adamyň 176 müňi şehit boldy. Hünärmenleriň çaklamalaryna görä, ýaşaýyş jaýlarynyň we edara binalarynyň 98 göterimine çenlisi haraba öwrüldi. Göz açyp-ýumasy salymda owadan we gülläp ösýän şäher hem-de onuň etegindäki obalar weýran boldy. Telefon aragatnaşygy, telegraf, demir ýol ulgamy hem-de infrastruktura doly bozuldy. Şäher özüniň birgiden ogullaryny we gyzlaryny ýitirip, bir pursatda daşky dünýäden üzňe galdy.

Geçen onýyllyklar halkyň hakydasyndan hem-de ýüreginden ýertitremede gurban bolan ýakynlarynyň we dogan-garyndaşlarynyň atlaryny öçürip bilmedi. Bu pajygaly waka baradaky ýatlamalar heniz hem ildeşleriň ýüreklerinde ýaşaýar. Ýatlama güni — Hatyra güni mynasybetli ýurduň ähli ýerinde Döwlet baýdaklary aşak düşürilip, sadakalar berilýär, aýat-doga okalýar. Aşgabatda ýerleşýän «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumynda gül goýmak çäresi geçirilýär.