img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
UKRAINA - KIÝEW
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

Awazada GDA-nyň Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň mejlisi geçirildi

img
img
img
img
img
img

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredowyň başlyklyk etmeginde GDA-nyň Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň mejlisi geçirildi.

Mejlise gatnaşyjylar hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň möhüm meselelerini, şol sanda kiberjenaýatçylyga garşy göreşmek bilen bagly ugurlary ara alyp maslahatlaşdylar.

Duşuşygyň dowamynda birnäçe möhüm resminama makullanyldy. Olaryň hatarynda iş kesilen adamlary bermek baradaky Konwensiýanyň Ikinji fakultatiw teswirnamasynyň taslamasy, goranyş we hukuk goraýjy edaralaryň degişli ylalaşyklaryna üýtgetmeler, şeýle hem GDA-nyň 2027–2035-nji ýyllar üçin bitewi bilim giňişligini kemala getirmegiň Maksatnamasy bar.

Geňeşiň indiki mejlisini 2027-nji ýylyň aprel aýynda Bişkek şäherinde geçirmek meýilleşdirilýär.