«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Hazar ekologiýa sammiti geçirildi
Şu gün «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Hazar ekologiýa sammiti geçirildi. Mejlis Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde geçirildi diýip.
Mejlisiň netijeleri boýunça döwlet Baştutanlary Hazar ekologiýa sammitiniň netijeleri boýunça Bilelikdäki Çözgüdi kabul etdiler.
Bellenilişi ýaly, Türkmenistan Hazaryň deňiz gurşawyny goramak we durnukly ösüşi üpjün etmek maksady bilen, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde ähli gyzyklanma bildirýän hyzmatdaşlar bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň tarapdary bolup çykyş edýär. 2023-nji ýylda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň çäklerinde Türkmenistan deňiz gurşawyny goramak boýunça tagallalary birleşdirmäge gönükdirilen «Hazar ekologiýa başlangyjy» taslamasyny hödürledi. Ony durmuşa geçirmek boýunça işler milli derejede-de, hyzmatdaş ýurtlar we halkara guramalary bilen bilelikde-de alnyp barylýar.
Şeýle hem Türkmenistan energetika, ulag we logistika, senagat hem-de söwda ulgamlarynda Hazarýaka döwletleriň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmaga ygrarlydygyny bildirýär.