TÜRKMENISTANDA INTELLEKTUAL EÝEÇILIGINIŇ HUKUK BINÝADYNY GIŇELTMEK MESELELERINE BAGYŞLANAN DUŞUŞYK GEÇIRILDI

2020-nji ýylyň 22-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda ýurdumyzda intellektual eýeçiliginiň hukuk binýadyny giňeltmek bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşmak boýunça iş maslahaty geçirildi.

Maslahata Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Türkmenistanyň Mejlisiniň, Maliýe we ykdysadyýet, Bilim, Medeniýet, Adalat ministrlikleriniň we beýleki degişli ministrlikleriň we pudak edaralaryň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar.

Duşuşygyň barşynda milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda döwrebap tehnologiýalary we innowasiýalary ornaşdyrmak boýunça Türkmenistanyň Prezidentiniň goýýan wezipelerini ýerine ýetirmekde Birleşen Milletler Guramasynyň ýöriteleşdirilen edaralary, hususan-da Bütindünýä Intelektual eýeçilik guramasy (BEIG) bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň wajyp orny eýeleýändigi barada bellenilip geçildi.

Maslahata gatnaşyjylar ýurdumyzyň intellektual eýeçiligi babatda syýasatyny halkara ülňülerine we döwrüň talaplaryna laýyklykda alyp barmak maksady bilen, BEIG bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň, hususan-da onuň käbir resminamalaryna goşulmagyň ähmiýetini nygtap geçdiler.

Bu ugurda maslahatyň çäklerinde Türkmenistanyň BEIG bilen hyzmatdaşlygynyň hukuk binýadyny giňeltmek üçin bu guramanyň körlere we görmek ýa-da maglumatlary kabul etmek bilen bagly beýleki ukyplary kemçilikli adamlara çap edilen neşirleriň elýeterliligini üpjün etmek hakyndaky ylalaşygyna (Marrakeş ylalaşygy) hem-de ýerine ýetirijileriň, fonogrammalary döredijileriň we ýaýlyma goýberýän edaralaryň hukuklaryny goramak hakyndaky halkara konwensiýasyna (Rim konwensiýasy) goşulmak meselesi giňden ara alnyp maslahatlaşyldy.