TÜRKMENISTAN BILEN GRUZIÝANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERINIŇ DUŞUŞYGY

2020-nji ýylyň 7-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Gruziýanyň Daşary işler ministri Dawid Zalkaliani bilen wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygy geçirildi.

Gepleşikleriň dowamynda ministrler ikitaraplaýyn gün tertibi bilen bagly derwaýys meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar hem-de iki ýurduň arasyndaky syýasy-diplomatik hyzmatdaşlygynyň ýokary derejesini nygtap geçdiler. Türkmenistan bilen Gruziýanyň halkara guramalaryň, hususan-da Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde oňyn hyzmatdaşlyk edýändikleri bellenildi. Taraplar daşary syýasy edaralaryň arasynda hem-de pudagara geňeşmeleriň dowam etdirilmeginiň zerurlygyny nygtadylar.

Ministrler bilelikdäki ulag-üstaşyr geçelgelerini kämilleşdirmek boýunça hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar. “Hazar deňzi – Gara deňzi” halkara ulag geçelgesi taslamasyny işjeňleşdirmek hem-de onuň kadalaşdyryjy-hukuk binýady bilen bagly meselelerine aýratyn üns berildi. Sebitara söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ilerletmek nukdaýnazaryndan Lapis Lazuli taslamasynyň hem ähmiýeti bellenildi. Awtomobil ýollarynyň hem-de deňiz portlarynyň netijeli ulanylmagy arkaly üznüksiz daşamalaryň we üpjünçiligiň wajyplygy nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-gruzin hökümetara toparynyň nobatdaky mejlisiniň geçirilmeginiň zerurlugy barada aýdyldy.

Şeýle-de wideokonferensiýanyň dowamynda medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmek mümkinçiliklerine garaldy.