TÜRKMENISTAN GDA-NYŇ ÇÄKLERINDE YNSANPERWER HYZMATDAŞLYGY ÖSDÜRMEK UGRUNDA ÇYKYŞ EDÝÄR

2021-nji ýylyň 2-nji aprelinde Moskwada geçirilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy-döwletleriň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň mejlisinde gatnaşyjylar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyk bilen bagly meseleleriň giň gerimini ara alyp maslahatlaşdylar. Lukmançylyk ugurda hyzmatdaşlyk şolaryň arasynda esasylarynyň biri hökmünde maslahatlaşyldy.

Mejlisde Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow çykyş etmek bilen, GDA-nyň çäklerinde döredilen netijeli gurallary pugtalandyrmak boýunça Türkmenistanyň garaýyşlaryny beýan etdi. Türkmen tarapynyň anyk syýasy-hukuk kadalar we halkara hukugynyň ýörelgeleri esasynda umumy çemeleşmeleri döretmek ugrunda çykyş edýändigi bellenildi.

Şeýle-de Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy umumy taryhy-medeni mirasy saklamak, ylmy gatnaşyklary giňeltmek we saglygy goraýyş ulgamynda tagallalary birleşdirmek boýunça hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak babatda türkmen tarapynyň gyzyklanmasyny beýan etdi.