TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI GDA-NYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERINIŇ GEŇEŞINIŇ NOBATDAKY MEJLISINE GATNAŞDY

2022-nji ýylyň 13-nji maýynda Täjigistan Respublikasynyň Duşenbe şäherinde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna (GDA) gatnaşyjy-ýurtlaryň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi.

Duşuşykda türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýew ýolbaşçylyk etdi.

Nobatdaky duşuşygyň çäklerinde halkara gün tertibiniň derwaýys meseleleri hem-de GDA-nyň çäklerinde özara hereket etmek boýunça mazmuna baý pikirler alyşyldy. Syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda ýakyn geljekde özara gatnaşyk saklamagyň ileri tutulýan ugurlary kesgitlenildi.

Çärä gatnaşyjylar tarapyndan «GDA-nyň ýaşlar paýtagty» Halkara taslamasy, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy-döwletleriň binýatlyk barlaglarynyň ileri tutulýan ugurlaryna degişlilikde Geljegi uly ylmy taslamalaryň taslamasy hakynda, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hormat haty bilen sylaglamak boýunça çöňzgütleriniň taslamalaryna seredildi.

Türkmen tarapynyň ileri tutulýan garaýyşlaryny beýan etmek arkaly, Türkmenistanyň wekiliýetiniň ýolbaşçysy taraplaryň Arkalaşygyň giňişligindäki hyzmatdaşlygynyň işjeň häsiýetini belläp geçdi we bilelikde iş alyp barmak üçin oňyn mümkinçilikleriniň bardygyny nygtady.         

Şu nukdaýnazardan, häzirki döwrüň wehimlerine garşy göreşmek babatynda hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegi, hususan hem kiber, biologiki howpsuzlyk ulgamlarynda özara hereketleriň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen tagallalaryň utgaşdyrylmagy netijeli netijeli gatnaşyklaryň derwaýys ugurlarynyň hatarynda öňe sürüldi.