TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
UKRAINA - KIÝEW
2025-nji ýyl - Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI PALESTINA DÖWLETINIŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINI KABUL ETDI
2023-nji ýylyň 25-nji awgustynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Palestina Döwletiniň Daşary işler we daşary ýurtlarda ýaşaýan palestinalylaryň işleri boýunça ministri Riýad al-Malikini kabul etdi. Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza Prezident Mahmud Abbasyň salamyny we Palestina gelmek baradaky çakylygyny hem-de ähli türkmen halkyna iberen iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Pales...
TÜRKMENISTANDA DURNUKLY ÖSÜŞ MAKSATLARYNY DURMUŞA GEÇIRMEK BOÝUNÇA MILLI IŞ TOPARYNYŇ TEGELEK STOLUNYŇ BILELIKDÄKI MEJLISI
2023-nji ýylyň 25-nji awgustynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistanda Durnukly Ösüş Maksatlaryny durmuşa geçirmek boýunça Milli iş toparynyň tegelek stolunyň bilelikdäki mejlisi geçirildi. Duşuşyga Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçylary we işgärleri, degişli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň wekilleri, şeýle hem BMG-niň Aşgabatdaky edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdy. Duşuşygy açmak bilen, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet...
TÜRKMENISTANYŇ WE PALESTINA DÖWLETINIŇ ARASYNDAKY HYZMATDAŞLYGYŇ ILERI TUTULÝAN UGURLARY MASLAHATLAŞYLDY
2023-nji ýylyň 25-nji awgustynda Türkmenistan Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa, düýn biziň ýurdumyza sapar bilen gelen Palestina Döwletiniň Daşary işler we daşary ýurtlarda ýaşaýan Palestinalylaryň işleri boýunça ministri Riýad al-Maliki bilen duşuşdy. Gepleşikleriň dowamynda Palestinanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysyna Türkmenistanyň Baştutany tarapyndan alnyp barylýan içerki we daşary syýasatyň ileri tutulýan ugurlary barada maglumat berildi, onuň iň möhüm ugry dünýä parahatçylygynyň b...
TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI, TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGY PALESTINA DÖWLETINIŇ DAŞARY IŞLER MINISTRI BILEN DUŞUŞDY
2023-nji ýylyň 24-nji awgustynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Palestina Döwletiniň Daşary işler we daşary ýurtlarda ýaşaýan palestinalylaryň işleri boýunça ministri Riýad al-Maliki bilen duşuşdy. Myhman Gahryman Arkadagymyza wagt tapyp kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Aşgabatda ýene-de bolup görýändigine şatdygyny belledi we türkmen paýtagtynyň binagärlik keşbini özgertmek boýunça amala aşyrylýan giň geri...
TÜRKMEN WEKILIÝETINIŇ BMG-NIŇ JYNSY KEMSITMELERI ÝOK ETMEK BOÝUNÇA KOMITETINIŇ (CERD) 110-NJY MEJLISINE GATNAŞDY
2023-nji ýylyň 7-31-nji awgusty aralygynda Birleşen Milletler Guramasynyň Ženewa şäherindäki edarasynda Jynsy kemsitmeleri ýok etmek boýunça komitetiniň 110-nji mejlisi öz işini dowam edýär. Şu ýylyň 21-22-nji awgustynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet agzalan mejlisiň işine gatnaşýar. Mejlisiň birinji gününiň dowamynda Jynsy kemsitmeleriň ähli görnüşlerini ýok etmek baradaky halkara konwensiýasynyň düzgünleriniň ýerine ýetirilişi...
AŞGABAT ŞÄHERINDE UKRAIN KINOSYNYŇ HEPDELIGI GEÇIRILER
Aşgabat şäherinde 24-31-nji awgustda ukrain kinosynyň hepdeligi geçiriler. Onuň dowamynda tomaşaçylara ukrain halkynyň medeniýeti we däp-dessurlary bilen tanyşdyrmak üçin dürli žanrlardaky dört film hödürlener. Ekranda Ukrainanyň dürli künjeklerinden “Toý mirasy” atly toý adatlary we däp-dessurlary barada dokumental film bilen açylar. Soňra “Fokster we Maks” atly maşgala filmi görkeziler. “Keramatly Nikolaýyň başdan geçirmeleri” atly filmde, ikinji synp okuwçysy Artýomyň we ýetginjek uýasynyň Ke...
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOWYŇ WENGRIÝA IŞ SAPARY
2023-nji ýylyň 20-nji awgustynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Budapeştde geçirilýän Ýeňil atletika boýunça dünýä çempionaty, şeýle hem ýurduň Milli baýramy — Keramatly Stefanyň güni mynasybetli guralýan dabaralara gatnaşmak üçin Wengriýa iş sapary bilen ugrady. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Wengriýanyň Premýer-ministriniň çakylygy boýunça amala aşyrýan bu sapary netijeli döwletara gatnaşyklary okgunly ösdürmegiň ýolunda nobatdaky möhüm ädim bolup durýar. Häzir...