TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
UKRAINA - KIÝEW
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
SOŇKY HABARLAR
“FITCH” TÜRKMENISTANYŇ KARZ REÝTINGINIŇ DURNUKLYLYGYNY TASSYKLADY
Halkara reýting agentligi “Fitch Ratings”Türkmenistana durnukly çaklama bilen “BB-” derejesinde daşary ýurt we milli walýutalarda uzak möhletleýin emitentiň başlangyç bahalaryny (IDR) berdi. Bu barada agentligiň metbugat beýannamasynda habar berilýär. “Fitch”-iň bahasyna görä, Türkmenistanyň maliýe ýagdaýy “BB” we “B” kategoriýaly döwletleriň arasynda iň güýçli görkezijilere eýedir. Türkmenistan arassa daşary ýurt serişdeleri boýunça ýokary orunda durýar we döwlet karzlary boýunça iň pes ýurt...
HAZARÜSTI HALKARA ULAG GEÇELGESI — TIF-2025 FORUMYNYŇ STRATEGIK ÜNS MERKEZINDE BOLAR
Türkmenistanyň TIF-2025 Halkara maýa goýum forumy 2025-nji ýylyň 18–19-njy sentýabrynda geçirilip, onuň çäklerinde Hazarüsti halkara ulag geçelgesiniň ösdürilmegine we giňeldilmegine aýratyn üns berler. Bu halkara geçelgesi Merkezi Aziýa ýurtlaryny Ýewropa bilen baglanyşdyrýan esasy logistika geçelgesi hökmünde strategik ähmiýete eýedir. Hazarüsti halkara ulag geçelgesi demir ýol, deňiz we awtoulag gatnawlaryny birleşdirýän multimodal geçelgedir. Ol Hazar deňziniň üsti bilen Aziýa bilen Ýewro...
GURBANGULY BERDIMUHAMEDOW ILHAM ALIÝEWE BEDEW, ŞAWKAT MIRZIÝOÝEWE ARWANA DÜÝE SOWGAT ETDI
22-nji awgustda Awazada türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow, Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew we Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilelikde geçirilen üçtaraplaýyn ýokary derejeli duşuşygyň hormatyna medeni çärä gatnaşdylar. Bellenilişi ýaly, bu ýerde guralan dabara Gahryman Arkadagyň başlangyjy we yzygiderli tagallasy bilen 2007-nji ýylda döredilen “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň çykyşlary bilen başland...
AWAZADA “AZERBAÝJAN – TÜRKMENISTAN – ÖZBEGISTAN” ÜÇTARAPLAÝYN DUŞUŞYGY GEÇIRILDI
2025-nji ýylyň 22-nji awgustynda Türkmenistanyň "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda “Azerbaýjan – Türkmenistan – Özbegistan” üçtaraplaýyn duşuşyk geçirildi. Duşuşyga türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew hem-de Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Alyýew gatnaşdylar. Taraplar söwda-ykdysady, ulag, energetika we ynsanperwer ugurlarda köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek...
UKRAINA DÖWLET BAÝRAMÇYLYKLARYNY BELLEÝÄR
Şu günler Ukraina döwlet baýramçylyklaryny - Döwlet baýdagynyň gününi we ýurduň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygyny belleýär. Milli baýramçylyklar adamlaryň kalbynda özüni tanamagyň, erkinligiň we özygtyýarlylygyň nyşanyna öwrüldi. Bu baýramlar Watanyň parahatçylygy we gülläp ösmegi ugrunda tagallalary bilen mynasyp goşant goşýan watan söýüjileri birleşdirýär. Goý, her bir ukrainalynyň ýüreginde buýsanç döretmegini dowam etdirsin we täze üstünliklere atarsyn. Ukrainanyň dostlukly halkyny ýurdu...
AŞGABATDA “KIDS EXPO 2025” HALKARA SERGISI AÇYLDY
Aşgabatda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň “Turkmen Expo” kompaniýasy bilen bilelikde gurnan “Kids Expo: ähli zat çagalar üçin” atly halkara köpugurly sergi-ýarmarkasy penşenbe güni öz işine başlady. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sergä gatnaşyjylary gutlady. “ “Kids EXPO: ähli zat çagalar üçin” atly halkara sergi-ýarmarkada ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň çagalar üçin önümleri öndürýän, hyzmatlary amala aşyrýan kärhanalaryna, okuw merkezler...
TÜRKMENISTAN BILEN ABŞ-NYŇ ARASYNDA SYÝASY GEŇEŞMELER GEÇIRILDI
2025-nji ýylyň 20-nji awgustynda Waşington şäherinde Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasynda ýyllyk ikitaraplaýyn syýasy geňeşmeleriň on birinji tapgyry geçirildi. Geňeşmeleriň türkmen tarapyna Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow, amerikan tarapyna bolsa ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň Günorta we Merkezi Aziýa işleri boýunça kömekçisiniň orunbasary Jon Mark Pommerşaým ýolbaşçylyk etdiler. Duşuşygyň dowamynda türkmen-amerikan gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýy we geljekki ösüş mümkinçil...