UKRAINANYŇ KIÝEW ŞÄHERINIŇ SWÝATOŞINSKIÝ RAÝONYNYŇ DÖWLET ADMINISTRASIÝASYNYŇ WEKILLERI BILEN GEÇIRILEN DUŞUŞYK BARADA

04.05.2023 ý. Ilçihanada Ukrainanyň Kiýew şäheriniň Swýatoşinskiý raýonynyň döwlet administrasiýasynyň başlygy S.Pawlowskiý we administrasiýanyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň esasy mowzugy, ikitaraplaýyn medeni, bilim we ynsanperwerlik ugurlary boýunça onlaýn we oflaýn görnüşde çäreleri guramak meselelerini ara alyp maslahatlaşmakdan ybarat boldy. Şeýle hem, taraplar Swýatoşinskiý raýonynda ýerleşyän görnükli türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň adyny göterýän kitaphanasynda 2024-nji ýylda geçiriljek Magtymguly Pragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagşlanan dabaralaryň hormatyna ýaş okyjylarynyň gatnaşmagynda çäreleri geçirmek bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.