SOŇKY HABARLAR
TÜRKMEN-ÖZBEK GATNAŞYKLARYNYŇ ILERI TUTULÝAN UGURLARY ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
2024-nji ýylyň 5-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde ministriň orunbasary A.Gurbanow bilen Özbegistan Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary B.Usmanowyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň, şeýle hem sebit we halkara gün tertibiniň meseleleriniň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy. Diplomatlar iň ýokary we ýokary derejelerdäki yzygiderli duşuş...
Türkmenistanyň Ukrainadaky Ilçihanasynyň “Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň ähliumumy adamzadyň ruhy gymmatlyklarynyň hazynasyna goşan goşandy” atly medeni çäresi
21.11.2024ý. senede Türkmenistanyň Ukrainadaky Ilçihanasy tarapyndan “Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň ähliumumy adamzadyň ruhy gymmatlyklarynyň hazynasyna goşan goşandy” ady bilen Ukrainanyň medeniýet, sungat we bilim işgärleriniň, Şewçenko etrap medeniýet bölüminiň wekilleriniň we Söwda-senagat palatasynyň wekilleriniň, Ylmy-barlag ulgamynyň işgärleriniň, daşary ýurt Ilçileri we diplomatlarynyň, Kiýew şäheriniň milli kitaphanalarynyň ýolbaşçylarynyň we wekilleri...
DUŞENBE ŞÄHERINDE TÜRKMEN-TÄJIK SYÝASY GEŇEŞMELER GEÇIRILDI
2024-nji ýylyň 20-nji noýabrynda Duşenbe şäherinde Türkmenistan bilen Täjigistan Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Türkmen tarapyna Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow, täjik tarapyna Daşary işler ministriniň orunbasary Imomi Sodik Aşurboýzada ýolbaşçylyk etdi. Geňeşmeleriň dowamynda iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň syýasy-diplomatik ugry ara alnyp maslahatlaşyldy, ýokary derejedäki yzygiderli gatnaşyklaryň ähmiýeti nygtald...
Ýurdumyzda Özbegistan Respublikasynyň Medeniýet günleri geçirilýär
2024-nji ýylyň 18-nji noýabrynda Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Özbegistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy boldy. Çärä Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň ugurdaş edaralarynyň, daşary döwletleriň ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, ýurdumyzyň döredijilik işgärleri gatnaşdylar. Medeniýet günleriniň açylyş dabarasynyň çäklerinde Mukamlar köşgüniň eýwanyn...
ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň mejlisi geçirildi
2024-nji ýylyň 16-njy noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygynda ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Mejlisiň işine Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary, ugurdaş ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar. Mejlisde BMG-niň bu ýöriteleşdirilen edarasynyň çäklerinde alny...
Türkmenistan we TÜRKSOÝ köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagy maksat edinýärler
2024-nji ýylyň 15-nji noýabrynda Türkmenistanyň DIM-inde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) Baş sekretary Sultan Raýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň agzalarynyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda Türkmenistan bilen TÜRKSOÝ-yň arasyndaky hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy we gatnaşyklaryň geljegi uly bolan ugurlary kesgitlenildi. Taraplaryň özara pikirine görä, soňky ýyllarda Türkmenistan...
Türkmenistanyň DIM-nde BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy bilen duşuşyk geçirildi
2024-nji ýylyň 11-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenkonyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen BMG we onuň ýöriteleşdirilen edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň wajyp ugurlary boýunça pikir alyşdylar. Duşuşykda howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly meselelere aýratyn üns berildi. Taraplar Ählumumy metan borçnamasynda göz öňünde tutulan maksatlary we...