RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
19 Dek

ERMENISTAN RESPUBLIKASYNYŇ TÜRKMENISTANDAKY ILÇISI BILEN GEÇIRILEN DUŞUŞYK HAKYNDA

2024-nji ýylyň 19-njy dekabrynda Türkmenistanyň DIM-de Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen Ermenistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Arsen Awagýanyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda depginli ösdürilýän türkmen-ermeni gatnaşyklarynyň ileri tutulýan ugurlary boýunça gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy. Ministriň orunbasary we Ermenistan Respublikasynyň doly ygtyýarly wekili ýurtlaryň ikitaraplaýyn, şeýle-de köptarap...

DOWAMY
pic
19 Dek

MAROKKODA ICESCO-NYŇ MEÝDANÇASYNDA MAGTYMGULY PYRAGYNYŇ HORMATYNA ÇÄRELER GEÇIRILDI

2024-nji ýylyň 18-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Marokko Patyşalygynyň Rabat şäherinde Bütindünýä yslam ýurtlarynyň bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ICESCO) ştab-kwartirasynda beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny bellemek boýunça çärelere gatnaşdy. Çäreler Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan ICESCO-nyň Baş direktoraty we Türki medeniýetiň ha...

DOWAMY
pic
18 Dek

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ MALAÝZIÝA RESMI SAPARY BAŞLANDY

2024-nji ýylyň 18-nji dekabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Malaýziýa resmi sapary başlandy. Paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar. Aziýa – Ýuwaş umman sebitiniň ýurtlary bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmek Türkmenistanyň Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, gyzyklanma bildirýän döwletleriň ählisi bilen özara bähbitli, deňhukukly hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryn...

DOWAMY
pic
18 Dek

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ «ÝAŞLAR – WATANYŇ DAÝANJY» ATLY KITABYNYŇ ÝAPON DILINDÄKI NEŞIRINIŇ TANYŞDYRYLYŞ DABARASY

2024-nji ýylyň 18-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Ýaşlar – Watanyň daýanjy» atly kitabynyň ýapon dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Çärä Türkmenistanyň DIM-iň wekilleri, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň we halkara guramalarynyň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň hem-de konsullyk...

DOWAMY
pic
18 Dek

TÜRKMENISTANYŇ ILÇISI MOLDOWA RESPUBLIKASYNYŇ PARLAMENTINDE ÝURDUŇ BITARAPLYGYNYŇ 30 ÝYLLYGY MYNASYBETLI GEÇIRILEN TEGELEK STOLDA ÇYKYŞ ETDI

2024-nji ýylyň 18-nji dekabrynda Türkmenistanyň Ukrainadaky we Moldowa Respublikasyndaky Ilçisi Toýly Ataýew Moldowa Respublikasynyň Parlamentiniň ýolbaşçylarynyň çakylygy esasynda “Moldowa Respublikasynyň hemişelik bitaraplygy: üstünlikler, meseleler we mümkinçilikler” ady bilen geçirilen tegelek stola wideo aragatnaşygy arkaly gatnaşyp, halkara derejesinde Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygyny ykrar etmekdäki tejribesi barada çykyş etdi. Bu çärä wideo aragatnaşygy arkaly Türkmenistanyñ Daş...

DOWAMY
pic
17 Dek

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI ABŞ-NYŇ IŞEWÜR TOPARLARYNYŇ WEKILLERINI KABUL ETDI

2024-nji ýylyň 16-njy dekabrynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmen-amerikan işewürlik maslahatyna gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen «Türkmenistan – ABŞ» işewürler geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuarty, «John Deere» kompaniýasynyň Merkezi Aziýada strategik hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça ýolbaşçysy Çaba Leýkony we «Westport Trading Europe Limited» kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Nikolaý Ýurçenkony kabul etdi. Işewürler wagt tapyp kabul edendigi üçin döwlet Baştutanymyza hoşa...

DOWAMY
pic
17 Dek

AŞGABAT ŞÄHERINDE TÜRKMEN-AMERIKAN IŞEWÜRLIK MASLAHATY GEÇIRILDI

2024-nji ýylyň 16-njy dekabrynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda Türkmen-amerikan işewürlik maslahaty geçirildi. Forumda türkmen tarapyna Türkmenistan Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary Nökerguly Atagulyýew ýolbaşçylyk etdi. ABŞ-niň wekiliýetine «Türkmenistan – ABŞ» işewürler geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuart ýolbaşçylyk etdi. Foruma wekilçilik eden ABŞ-niň kompaniýalarynyň arasynda «Case New Holland», «Climate Compass», «Boeing», «John Deere», «N...

DOWAMY