TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
UKRAINA - KIÝEW
2025-nji ýyl - Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI YKDYSADY HYZMATDAŞLYK BOÝUNÇA ÝAPON-TÜRKMEN KOMITETINIŇ BAŞLYGYNY KABUL ETDI
2024-nji ýylyň 16-njy dekabrynda Prezident Serdar Berdimuhamedow «ITOCHU Corporation» kompaniýasynyň direktorlar geňeşiniň agzasy, ýerine ýetiriji wise-prezidenti, maşyn we enjamlar kompaniýasynyň prezidenti, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça ýapon-türkmen komitetiniň başlygy Hiroýuki Subaýy kabul etdi. Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça ýapon-türkmen komitetiniň başlygy duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallygyny beýan edip, Ýaponiýanyň işewür toparlarynyň amatly maýa goýum ýagdaýy, işlemek üçin...
TÜRKMEN-ÝAPON ÖZARA GATNAŞYKLARYNYŇ ESASY UGURLARY ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
2024-nji ýylyň 16-njy dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ýapon komitetiniň başlygy Raşid Meredow bilen «Itochu Corporation» kompaniýasynyň Direktorlar geňeşiniň agzasy, ýerine ýetiriji wise-prezidenti, «Maşynlar we enjamlar» kompaniýasynyň prezidenti, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça ýapon-türkmen komitetiniň başlygy Hiroýuki Subaýyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady w...
YKDYSADY HYZMATDAŞLYK BOÝUNÇA TÜRKMEN-ÝAPON WE ÝAPON-TÜRKMEN KOMITETLERINIŇ BILELIKDÄKI MEJLISI GEÇIRILDI
2024-nji ýylyň 16-njy dekabrynda Aşgabatda, “Ýyldyz” myhmanhanasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara Türkmen-ýapon we Ýapon-türkmen komitetleriniň bilelikdäki 15-nji mejlisi geçirildi. Foruma gatnaşmak üçin «ITOCHU Corporation» kompaniýasynyň direktorlar geňeşiniň agzasy, ýerine ýetiriji wise-prezidenti, maşyn we enjamlar kompaniýasynyň prezidenti, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Ýapon-türkmen komitetiniň başlygy Hiroýuki Subaýyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet iş sapary bilen Türkmenistan...
BILELIKDE GEÇIRILMELI ÇÄRELER AMERIKAN «FIT INTERNATIONAL» KOMPANIÝASYNYŇ WEKILI BILEN ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
2024-nji ýylyň 16-njy dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli geçiriljek çärelere gatnaşmak maksady bilen Aşgabat şäherine gelen «FIT International» maslahat beriş kompaniýasynyň başlygy Kurt Edwards bilen duşuşdy. Duşuşygyň barşynda taraplar köp ýyllaryň dowamynda Türkmenistanda bolup geçýän möhüm wakalar mynasybetli tematiki çäreleri gurnamaga gatnaşan «FIT International» kompaniýasy bilen hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesi...
TÜRKMENISTANYŇ GATNAŞMAGYNDA OWGANYSTANDA DURMUŞ-YKDYSADY TASLAMALARYŇ DURMUŞA GEÇIRILMEGI DOWAM EDÝÄR
2024-nji ýylyň 15-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Owganystana iş saparyny amala aşyrdy. Daşary işler ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Amir Han Mottakiniň ýolbaşçylygyndaky Owganystanyň wekilleri Türkmenistanyň wekiliýetiniň ýany bilen gitdiler. Saparyň maksady Türkmenistanyň we Owganystanyň gatnaşmagynda durmuşa geçirilýän iri göwrümli energetika, ulag we infrastruktura halkara taslamalarynyň iş...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI ÖZBEGISTAN RESPUBLIKASYNYŇ ADATDAN DAŞARY WE DOLY YGTYÝARLY ILÇISINI KABUL ETDI
2024-nji ýylyň 13-nji dekabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Özbegistan Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Rawşanbek Alimowy kabul etdi. Ilçi döwlet Baştutanyna ynanç hatyny gowşurdy we wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirdi. Diplomat Türkmenistanyň Prezidentine hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI ERMENISTAN RESPUBLIKASYNYŇ ADATDAN DAŞARY WE DOLY YGTYÝARLY ILÇISINI KABUL ETDI
2024-nji ýylyň 13-nji dekabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ermenistan Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Arsen Awagýany kabul etdi. Ilçi döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy. Duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, diplomat Türkmenistanyň Prezidentine hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa Ermenistan Respublikasynyň Prez...