RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
27 Sen

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI BÜTINDÜNÝÄ ETNOSPORT KONFEDERASIÝASYNYŇ BAŞLYGYNY KABUL ETDI

2024-nji ýylyň 26-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli geçirilýän dabaralara gatnaşmaga gelen Bütindünýä etnosport konfederasiýasynyň başlygy Bilal Ärdogany kabul etdi. Konfederasiýanyň ýolbaşçysy wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, Prezident Serdar Berdimuhamedowy ýurdumyzyň Garaşsyzlyk baýramy bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň mähirli salamyny, türkmen...

DOWAMY
pic
25 Sen

TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ MEJLISI

2024-nji ýylyň 24-nji sentýabrynda paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda geçirilen umumymilli forumyň gün tertibine döwlet durmuşynyň möhüm meseleleri girizildi. Bu taryhy mejlise Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň düzümine girýän döwlet häkimiýet edara...

DOWAMY
pic
25 Sen

TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGY GDA-NYŇ TOHUMÇYLYK MESELELERI BOÝUNÇA HÖKÜMETARA UTGAŞDYRYJY GEŇEŞINIŇ ÝOLBAŞÇYSY BILEN DUŞUŞDY

2024-nji ýylyň 24-nji sentýabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow “Oba hojalyk ekinleriniň tohumçylygynda ýetilen sepgitler we öňde durýan wezipeler” atly halkara ylmy maslahata gatnaşan hem-de ýurdumyzyň ýokary döwlet sylagyna mynasyp bolan GDA-nyň Tohumçylyk meseleleri boýunça hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň ýolbaşçysy Iwan Kuzmin bilen duşuşdy. Alym duşuşmaga döredilen mümkinçilik hem-de türkmen topragynda bildirilen myhma...

DOWAMY
pic
23 Sen

TÜRKMENISTANYŇ DIM-NDE KOREÝA RESPUBLIKASYNYŇ ÝER, INFRASTRUKTURA WE ULAG MINISTRI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI

2024-nji ýylyň 23-nji sentýabrynda Türkmenistanyň DIM-nde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Koreýa Respublikasynyň ýer, infrastruktura we ulag ministri Sangwo Parkyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar ulag-üstaşyr geçelgeleri hem-de logistika infrastrukturasyny döretmek baradaky Türkmenistanyň öňe süren başlangyç taslamalaryna laýyklykda hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Awtoulag pudagynda Türkmenistan bile...

DOWAMY
pic
23 Sen

TÜRKMENISTANYŇ WE ÖZBEGISTAN RESPUBLIKASYNYŇ DÖWLET BAŞTUTANLARYNYŇ ARASYNDA TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIK GEÇIRILDI

2024-nji ýylyň 22-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Özbegistanyň döwlet Baştutany Prezident Serdar Berdimuhamedowy doglan güni bilen gutlap, berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Türkmenistanyň abadançylygynyň, türkmen halkynyň rowaçlygynyň bähbidine alyp barýan köpugurly işinde uly üstünlikleri arzuw etdi. Şeýle hem Özbegistanyň Prezidenti döwletara gatnaş...

DOWAMY
pic
23 Sen

UKRAINANYŇ IŞEWÜR NEŞIRI GARAŞSYZLYK BAÝRAMYNYŇ ÖŇÜSYRASYNDA TÜRKMENISTANDA BOLUP GEÇEN SOŇKY WAKALARY JEMLEDI

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygynyň öňüsyrasynda Ukrainanyň meşhur maliýe we ykdysady hepdelik “Ukraine Business Review” gazetiniň nobatdaky sanynda ýurdumyzyň durnukly ykdysady ösüşi we sebitiň ýurtlaryna berilýän goldaw boýunça möhüm wakalara bagyşlanan makala çap edildi. Bu döwürleýin neşiriň okyjylary bolan bank we ätiýaçlandyryş guramalary, daşary ýurt kompaniýalary we diplomatik wekilhanalar, neşiriň işewür hyzmatdaşlary bu makalanyň üsti bilen Türkmenistanda giň möçberli infra...

DOWAMY
pic
20 Sen

YSLAM ÖSÜŞ BANKY BILEN HYZMATDAŞLYGY GIŇELTMEGIŇ MÜMKINÇILIKLERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

2024-nji ýylyň 20-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Yslam ösüş bankynyň (YÖB) prezidenti Muhammad Suleýman Al-Jasser bilen duşuşygy geçirildi. Gepleşikleriň barşynda köpýyllyk hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary, şeýle hem gatnaşyklary giňeltmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmenistanyň bu bankyň agzasy bolan 30 ýylynyň dowamynda YÖB-niň ýurdumyzda saglygy goraýyş, aragatnaşyk, energetika ýaly ugurlary öz içine alýan 20-den gowrak ta...

DOWAMY